"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Mö­hüm äh­mi­ýet berilýän iş

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bi­lim ul­ga­my­ny kä­mil­leş­dir­mä­ge mö­hüm äh­mi­ýet ber­ýär. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz mek­dep­le­ri tä­ze okuw ýy­ly­na taý­ýar­la­mak iş­le­ri­ni öz wag­tyn­da we ýo­ka­ry hil­li ge­çir­me­gi şu gü­nüň jo­gap­kär­li we­zi­pe­le­ri­niň ha­ta­ryn­da kes­git­le­di. Ha­wa, ýaş ne­sil­le­riň okuw-ter­bi­ýe­çi­lik iş­le­ri bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­riň her bi­ri he­mi­şe uly üns, mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­mä­ge my­na­syp­dyr. Munuň özi ýur­du­my­zyň umu­my­bi­lim ber­ýän or­ta mek­dep­le­ri­ni tä­ze okuw ýy­ly­na taý­ýar­la­mak bi­len hem bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Şu nuk­daý­na­zar­dan, hä­zir­ki wagt­da mek­dep­le­ri tä­ze okuw ýy­ly­na taý­ýar­la­mak mö­hüm me­se­le­le­ri­ň ha­ta­ryn­da dur­ýar.

Dynç alyş gün­le­ri­niň şat­lyk­ly pur­sat­la­ry

Mek­dep okuw­çy­la­ry­nyň to­mus­ky dynç alyş möw­sü­mi do­wam ed­ýär. Ka­ka et­ra­by­nyň çä­gin­de ýer­leş­ýän «Ýa­şyl ýaý­la» ça­ga­lar dynç alyş we sa­gal­dyş mer­ke­zin­de ça­ga­la­ryň 150-si to­mus möw­sü­mi­ni ru­hu­be­lent­lik bi­len ge­çir­ýär­ler. On­da 7 – 14 ýaş ara­ly­gyn­da­ky ça­ga­lar dynç al­ýar. Mer­kez­de ça­ga­lar to­pa­ry­nyň dör­dü­si bo­lup, olara on iki sa­ny pe­da­gog mu­gal­lym gö­zeg­çi­lik ed­ýär. Bu ýer­de möw­sü­miň tap­gyr­la­ry bo­ýun­ça ýö­ri­te me­ýil­na­ma­lar taý­ýar­la­nyl­dy. Sport ýa­ryş­la­ry, çe­per dö­re­di­ji­lik, aý­dym-saz, as­falt­da su­rat çek­mek ýa­ly bäs­le­şik­le­re ça­ga­lar uly hö­wes bi­len gat­naş­ýar­lar, küşt, şaş­ka, dü­zzüm ýa­ly oýun­lar bi­len meş­gul­lan­ýar­lar. Mer­kez­de ça­ga­lar üçin ni­ýet­le­nen ýö­ri­te ki­tap­ha­na hem bar. Bu ýer­de ça­ga­lar ede­bi­ýa­ty­na de­giş­li bo­lan er­te­ki­ler, he­ka­ýa­lar, goş­gu­lar top­lu­my, tap­ma­ça­lar bi­len bag­ly ki­tap­lar bar. Esa­sy bel­le­nil­me­li ýag­daý, bu ýer­de gur­nak­lar hem dö­re­dil­di, ýag­ny çe­per el­ler, dil­ler dün­ýä­si, su­rat­keş­lik, eko­lo­gi­ýa gur­nak­la­ry he­re­ket ed­ýär. Bu ýer­de ça­ga­lar öz is­leg bil­di­ren gur­nak­la­ry­na gat­naş­ýar­lar. Öz ba­şar­nyk­la­ry­ny kä­mil­leş­dir­ýär­ler. Mun­dan baş­ga-da, oýun we sport zal­la­ryn­da ça­ga­lar wagt­la­ry­ny şa­dy­ýan oýun­lar bi­len ge­çir­ýär­ler.

To­mus möw­sü­min­de tap­la­ma çä­re­le­ri

Ýur­du­myz­da bag­ty­ýar ça­ga­la­ryň berk be­den­li, sag­dyn ruh­ly bol­mak­la­ry­ny ga­zan­mak­da ne­ti­je­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. To­mus­ky dynç alyş döw­rün­de ça­ga­lar bag­la­ryn­da kör­pe­le­riň aň we be­den taý­dan sag­dyn ösü­şi­ni ýo­la goý­mak işi ut­ga­şyk­ly al­nyp ba­ryl­ýar. Şun­da ça­ga­lar bak­ja-ba­gy­my­zyň ter­bi­ýe­çi­le­ri «Mek­de­be çen­li ça­ga­lar eda­ra­la­ryn­da to­mus sa­gal­dyş möw­sü­min­de ge­çi­ril­ýän gy­zyk­lan­ma çä­re­le­ri­niň my­sa­ly ter­ti­bi­ne» esas­la­nyp, ýö­ri­te me­ýil­na­ma esa­syn­da iş alyp bar­ýar­lar. Şo­ňa la­ýyk­lyk­da, kör­pe­ler bi­len guralýan «He­re­ket­li oýun­lar», «Gy­zyk­lan­ma çä­re­le­ri», «Aý­dym-saz­ly göw­naç­ma­lar», «Duý­gu­la­ry ös­dür­mek üçin öw­re­di­ji oýun­lar» ola­ryň duý­gu­la­ry­ny ös­dü­rip, kä­mil­leş­dir­mä­ge gö­nük­di­ri­lendir. To­mus pas­lyn­da ge­çi­ril­ýän iş­ler tap­la­ma çä­re­le­ri bi­len ut­ga­şyk­ly al­nyp ba­ryl­ýar. Bu iş­le­ri ta­la­ba­la­ýyk we göw­ne­jaý gu­ra­mak­da bi­ziň ça­ga­lar bak­ja-ba­gy­myz­da öňün­den taý­ýar­lyk iş­le­ri gö­rül­di. Kör­pe­le­riň açyk ho­wa­da ge­ze­lenç et­mek­le­ri üçin ýö­ri­te meý­dan­ça­lar taý­ýar­la­nyl­dy. Gü­nüň birinji ýa­ry­myn­da to­par­lar­da ir­ki maşk­lar, ir­ki ge­ze­lenç­ler, gy­zyk­lan­ma çä­re­le­ri ge­çi­ril­ýär.

Sapaklary utgaşykly guramak

Ýaş nes­le bi­lim ber­mek bi­len bir ha­tar­da, ola­ra edep-ter­bi­ýe ber­me­giň hem ze­rur­ly­gy hök­man­dyr. Mu­gal­lym okad­ýan her sa­pa­gy­ny ter­bi­ýe bi­len ut­ga­şyk­ly alyp bar­ma­ly­dyr. Şon­da ha­ky­ky kä­mil şah­sy­ýe­ti ke­ma­la ge­tir­mek müm­kin­dir. Bu bol­sa mu­gal­lym­la­ryň dö­re­di­ji­lik­li zäh­me­ti­ne bag­ly bo­lup dur­ýar. Bil­şi­miz ýa­ly, umu­my­bi­lim eda­ra­la­ryn­da oka­dyl­ýan her bir der­siň öz ma­ny-maz­mu­ny bo­lup, olar ýaş nes­liň bi­lim alyp kä­mil­leş­me­gin­de aý­ra­tyn or­na eýe bo­lup dur­ýar. Şun­da baş­lan­gyç synp­lar­da oka­dyl­ýan ýa­şa­ýyş-dur­muş esas­la­ry der­sin­de ça­ga­la­ra mil­li ter­bi­ýe me­de­ni­ýet­li bol­ma­gyň il­kin­ji bas­gan­çak­la­ry öw­re­dil­ýär. Ça­ga­la­ryň edep­li-ter­bi­ýe­li bol­ma­gy her bir ene-ata­nyň gö­wün küý­se­gi­dir. Şo­nuň üçin olar ça­ga­la­ry­nyň ýo­ka­ry adam­kär­çi­lik­li sy­pat­lar­da ke­ma­la gel­me­gi­ni is­läp, ola­ry okad­ýan mu­gal­lym­la­ra uly ynam bil­dir­ýär­ler. Şeý­le mö­hüm we­zi­pä­ni üs­tün­lik­li ama­la aşyr­mak­da biz — mu­gal­lym­lar hem okat­ma­gyň ne­ti­je­li usul­la­ryn­dan peý­da­lan­ma­ga ça­lyş­ýa­rys. Bu bol­sa ça­ga­la­ryň köp­çü­lik­de, ýe­ke­lik­de, mek­dep­de öz­le­ri­ni alyp ba­ryş­la­ryn­da aý­dyň ýü­ze çyk­ýar. Ýa­şa­ýyş-dur­muş esas­la­ry der­si hem ça­ga­la­rda ki­çi­lik­den ze­rur bo­lan oňat hä­si­ýet­le­ri ke­ma­la ge­tir­mek­de aý­ra­tyn or­na eýe bo

Goş­gu­la­ryň üs­ti bi­len ça­ga­lar­da zäh­met endiklerini ös­dür­mek

Ata Wa­ta­ny­myz­da ýaş nes­le ter­bi­ýe ber­mek döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz bu ba­ra­da şeý­le bel­le­ýär: «Ça­ga­la­ry­na aý­ra­tyn söý­gi, aý­ra­tyn ala­da bi­len ga­ra­mak, ola­ra özü­niň iň go­wy zat­la­ry­ny ba­gyş et­mek türk­men­le­riň ga­dym­dan gel­ýän däp­le­ri­niň bi­ri­dir». Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz­da ça­ga­lar üçin edil­ýän ala­da­lar özü­niň ýo­ka­ry ne­ti­je­le­ri­ni gör­kez­ýär. Gym­mat­ly ede­bi we ebe­di mi­ra­sy­myz bo­lan çe­per ede­bi­ýa­ty­my­za na­zar aý­la­ny­myz­da, ömür da­rag­ty­my­zyň mi­we­si bo­lan kör­pe­le­re ba­gyş­la­nan er­te­ki­le­riň, goş­gu­la­ryň, po­west­le­riň, basn­ýa­la­ryň ter­bi­ýe­çi­lik gym­ma­ty­nyň çäk­siz­di­gi­niň şa­ýa­dy bol­ýa­rys.

Nesil terbiýesinde asylly ýörelge

Türk­men hal­ky­nyň ga­dym­dan gel­ýän mil­li ýö­rel­ge­le­ri, däp-des­sur­la­ry bu gün­ki gün my­na­syp do­wam et­di­ril­ýär. Bu ýö­rel­ge­ler pe­der­le­ri­mi­ziň kä­mil­leş­di­ren edep ka­da­la­ry­dyr, dur­muş ýo­lu­dyr. Şo­nuň üçin hem ata-ba­ba­la­ry­my­zyň asyl­ly ýö­rel­ge­le­ri gel­jek ne­sil­le­re ge­çi­ril­ýär, mil­li ter­bi­ýe yl­my esas­da öw­re­nil­ýär hem-de ös­dü­ril­ýär. Ne­sil ter­bi­ýe­si mu­kad­des ýö­rel­ge­le­riň bi­ri ha­sap­la­nyl­ýar. Ter­bi­ýe ba­bat­da aý­dy­lan­da, her bir ata-enä­niň per­zen­di­ne üns­li we jo­gap­kär­li çe­me­leş­me­gi ge­rek. Per­zen­di­ne asyl­ly ter­bi­ýe ber­mek ata-enä­niň bor­ju­dyr. Şo­nuň üçin hem türk­men na­kyl­la­ryn­da «Edep — ber­gi­dir, ber­me­di­ge — gör­gü­dir» di­ýip bel­le­nil­ýär. As­lyn­da, türk­men hal­ky per­zen­di­ni sö­züň üs­ti bi­len, paý­has­ly söz­ler bi­len ter­bi­ýe­le­me­gi, gö­rel­de gör­kez­me­gi ýö­rel­ge edi­nip­dir. Ýaş ne­sil­ler iň oňat edim-gy­lym­la­ry ýag­şy ata­dan gö­rel­de alyp­dyr­lar.

Ki­tap — ru­hy baý­lyk

«Hal­kyň Ar­ka­dag­ly za­ma­na­sy» ýy­ly­myz­da ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­ler, be­ýik ösüş­ler äh­li wa­tan­daş­la­ry­myz bi­len bir­lik­de, me­de­ni­ýet we sun­gat, ki­tap­ha­na iş­gär­le­ri­ni hem örän buý­san­dyr­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pä­him-paý­has­ly baş­lan­gyç­la­ry ne­ti­je­sin­de ýur­du­my­zyň içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sa­ty üs­tün­lik­le­re bes­len­ýär. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Arkadagly Serdarymyzyň tagallasy ne­ti­je­sin­de hü­när­men­le­ri­miz hä­zir­ki za­man teh­ni­ka­la­ry bi­len üp­jün edi­len ka­şaň bi­na­ly ki­tap­ha­na­lar­da zäh­met çek­ýär­ler. Ki­tap­ha­na­la­ryň ki­tap ha­zy­na­la­ry elekt­ron gör­nü­şe ge­çi­ri­lip, oky­jy­la­ryň in­ter­net ul­gam ar­ka­ly elekt­ron ki­tap­la­ry okap bil­mek­le­ri we elekt­ron gö­te­ri­jä ýük­läp al­mak­la­ry üçin äh­li şert­ler dö­re­dil­di. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de bar bo­lan ede­bi­ýat­la­ry okap we gö­rüp bil­mek müm­kin­çi­li­gi do­ly el­ýe­ter­li­dir.

Täze ýokary okuw mekdebi hususy pudagy, innowasiýalara esaslanýan işewürligi ýokary bilimli kämil hünärmenler bilen üpjün eder

19-njy iýulda paýtagtymyz Aşgabadyň Görogly köçesiniň ugrunda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekdebiniň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň taryhy wakasyna döwlet ýolbaşçylary, il sylagly ýaşulular, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň agzalary gatnaşdylar. Çykyş edenler täze ýokary okuw mekdebiniň innowasion bilim ojagy boljakdygyna hem-de dünýäniň ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň işjeň hyzmatdaşyna öwrüljekdigine, kämil bilimli hünärmenleri taýýarlamaga mynasyp goşant goşjakdygyna ynam bildirdiler. Muňa täze ýokary okuw mekdebine degişli sanlara we maglumatlara garanyňda-da aýdyň göz ýetirmek mümkin. ■ Täze ýokary okuw mekdebi umumylykda 8 gektara barabar meýdany eýelär.

Nazary bilimler tejribede berkidilýär

Ýaşlara bilim bermegiň hilini ýokarlandyrmak, olary watançylyk ruhunda terbiýelemek, ata Watanymyza, halkymyza, hormatly Prezidentimize wepaly, kämil hünärmenleri ýetişdirmek ýurdumyzyň hünär okuw mekdeplerinde alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik, ylmy-önümçilik işleriniň esasy maksadydyr. Olarda okuw we önümçilik tejribelikleriniň netijeli bolmagy ugrunda uly tagalla edilýär. Okuw meýilnamalaryny ýerine ýetirmek, talyp ýaşlaryň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak, olaryň nazary okuwlarda alan bilimlerini önümçilik bilen baglanyşdyryp berkitmek maksady bilen, 2021-2022-nji okuw ýylynyň dowamynda-da ýokary okuw mekdebimizde okuw-önümçilik tejribelikleri geçilýär.

Bilim almaga isleg uly

Şu günler ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa girmek isleýän ýaşlardan resminamalary kabul etmek işi gyzgalaňly dowam edýär. Bu jogapkärli çäre Ahal welaýatynda hem guramaçylykly ýola goýlupdyr. Talyp bolmak isleýän ýaşlardan degişli resminamalary kabul etmek üçin welaýatyň Ak bugdaý etrabyndaky 1-nji, 16-njy, ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdeplerde, şeýle-de welaýat ýörite sungat mekdebinde iş topary üstünlikli hereket edýär. — Mekdebimizde bu jogapkärli çärä öňünden ykjam taýýarlyk işleri geçirildi. Degişli otaglar zerur enjamlar bilen üpjün edildi. Ýörite bellenilen ýerinde degişli bilim ojaklaryna kabul etmegiň tertibi we olardaky hünärler bilen tanyşdyrýan diwarlyklar goýuldy. Bu bolsa häzirki jogapkärli çäräniň guramaçylyk derejesine oňyn täsirini ýetirýär. Welaýatymyzyň ähli etraplaryndan hem-de Tejen şäherinden gelýän ýaşlar diwarlyklar arkaly özlerini gyzyklandyrýan hünärler boýunça degerli maglumatlary alýarlar — diýip, etrapdaky takyk we iňlis dili derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiň müdiri Amangözel Orazmyradowa aýdýar.

Sanly bilim ulgamy — döwrüň talaby

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Şonuň netijesinde ähli bilim edaralarynda, şol sanda umumybilim berýän orta mekdeplerde hem ýaş nesle berilýän bilimiň mazmuny we hili yzygiderli kämilleşýär. Hormatly Prezidentimiziň döredip berýän şertleriniň netijesinde, bilim edaralarynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze tehnologiýalardan peýdalanylmagy, ylmyň soňky gazananlarynyň hem-de okatmagyň innowasion usullarynyň bilim ulgamyna ornaşdyrylmagy bilimiň hiliniň ýokary derejesini üpjün edýär. Ýaşlara dünýä derejesinde bilim-terbiýe bermekde sanly bilim ulgamyna aýratyn orun degişlidir. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň” kabul edilmegi bolsa, bu ugurda alnyp barylýan işlerde has ýokary netijeleri gazanmaga mümkinçilik berýär. Hemmämize mälim bolşy ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz syýasy, ykdysady hem-de medeni ugurlarda üstünlikler gazanyp, halkara derejede uly abraýdan peýdalanýar. Elbetde, jemgyýetimiziň umumadamzat gymmatlyklary esasynda ösmegi, ýaşlaryň kämil bilim almagy üçin döwrebap şertleriň döredilmegi täze mümkinçilikleri we çemeleşmeleri ýüze çykarýar. Bu bolsa ata Watanymyzyň syýasy, ykdysady we medeni ösüşlerine mynasyp goşant goşýan, dünýä ylmynyň gazananlaryndan habarly, bilimli nesliň kemala gelmeginde uly ähmiýete eýedir. Ş

Işewürleriň bilim ojagy gurlar

19-njy iýulda paýtagtymyzyň Görogly köçesiniň ugrunda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekdebiniň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi. Ir säher bilen bu ýerde baýramçylyk dabarasy ýaýbaňlandyryldy. Çärä Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň agzalary, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy. Dabarada çykyş edenleriň belleýşi ýaly, innowasion tehnologiýanyň, sanly ykdysadyýetiň batly depginler bilen ösýän zamanasynda döwür bilen deň gadam urmak ähli ulgamlar, şol sanda işewürlik dünýäsi üçin hem zerur şertleriň biri bolup durýar. Bu ugurda ýokary bilimli hünärmenleriň taýýarlanylmagy bolsa uzak geljek üçin ygtybarly binýatlyk gymmatlygydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň alýan biliminiň döwrüň talabyna we täze tehnologiýalaryň gazananlaryna esaslanmagy Arkadagly Serdarymyzyň öňde goýýan esasy wezipeleriniň hatarynda durýar. Bu ýokary okuw mekdebiniň düýbüni tutmak işleri hem hormatly Prezidentimiziň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 12-nji aprelinde gol çeken Karary esasynda amala aşyryldy. Umumylykda 8 gektar meýdany eýelejek täze bilim ojagy 9 gatly esasy binadan, 6 gatly okuw binalarynyň 4-sinden, hersi 300 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýlarynyň 2-sinden, 1000 orunlyk mejlisler

Bagtdan paýly bagtyýar nesil

Eziz Watanymyzyň şöhratly sene ýazgysyndaky beýik başlangyçlarda, şanly özgertmelerde, rowaçlygyň ýolundaky ynamly ädimlerde türkmen ýaşlarynyň hem mynasyp paýy bar. Gahryman Arkadagymyzyň gymmatly maslahatlary berip, biziň tekliplerimizi diňlemegi, ýaşlar syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça pikir alyşmagy ýurdumyzyň eşretli geljegi baradaky aladadan nyşandyr. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan özgertmeleri esasynda ýurdumyzda ýaşlaryň kämil ylym-bilim almaklary, arassa ahlakly we giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri ugrundaky mümkinçilikler hem barha artýar. Bu bolsa ýurdumyzda ylymly-bilimli, ruhy taýdan kämil, giň dünýägaraýyşly nesliň kemala gelmegine getirýär. Gazanylýan üstünliklerde bolsa «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan çäreleriň ähmiýeti diýseň uludyr. Bu ugurdaky tagallalar döwlet, häkimiýet we dolandyryş edaralarynda, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda we ulgamlarynda zähmet çekýän ýaşlaryň ruhuna ruh, gaýratyna gaýrat goşýar. Biz hem özümiz hakdaky aladany duýup, Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlara beren gymmatly maslahatlaryndan, tabşyryklaryndan ugur alyp ýaşlary milli watançylyk ruhunda terbiýelemekde, olaryň ylymly-bilimli, sagdyn, giň dünýägaraýyşly, ahlakly ýaşlar bolmaklaryny gazanmakda yhlasly we tutanýerli zähmet çekeris.

Ýaşlar — ýurduň daýanjy

Ata-babalarymyzyň kämil şahsyýetleri kemala getirmekdäki asylly ýörelgeleri we milli däpleri «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda-da mynasyp dowam etdirilýär. Berkarar döwletimizde bagtyýar türkmen ýaşlaryny dünýäniň häzirkizaman talaplaryna laýyklykda ýaşatmak, okatmak we giň zähmet şertleri bilen üpjün etmek maksady esasynda durmuşa geçirilýän beýik işler, oňyn tutumlar-da mynasyp dowam etdirilýär. Bular dogrusynda ýakynda etrap häkimliginde geçirilen maslahatda täsirli çykyşlar diňlenildi. «Ýaşlar — röwşen geljege tarap» diýen at bilen geçiren bu maslahatymyzda soňky ýyllarda ýaşlaryň zähmet, iş we ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, olary hünäre ugrukdyrmak ugrundaky tagallalar dogrusynda nygtaldy. Maslahata gatnaşan syýasy partiýalaryň wekilleri öz çykyşlarynda Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary esasynda ýaşlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini ygtybarly goraýan, olaryň durmuş üpjünçiligini kepillendirýän kanunçylyk namalarynyň ähmiýetini we zerurlygyny giňişleýin açyp görkezdiler. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyndan we «Türkmenistanda Ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan» gelip çykýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekillerine bildirilýän talaplar barada aýdylanlar maslahatda edilen çykyşlaryň özenini düzdi.

Kitap — kalbyň nagşy

Kitap — ynsanyň iň ýakyn dosty, syrdaşy. Geçmişdäki akyldarlar, ýazyjy-şahyrlar kitap barada şeýle parasatly pikirleri bize miras galdyrypdyrlar.

Täze ýokary okuw mekdebiniň düýbi tutuldy

Düýn Aşgabat şäheriniň Görogly köçesiniň ugrunda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekdebiniň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň taryhy wakasyna döwlet ýolbaşçylary, il sylagly ýaşulular, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň agzalary gatnaşdylar. Bu ýerde aýdym-sazyň owazy belent ýaňlandy, birnäçe çykyşlardyr gutlaglar diňlendi. Çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň çalt depgin bilen ösýän hususy pudagyny, innowasiýalara esaslanýan işewürligi ýokary bilimli kämil hünärmenler bilen üpjün etmek maksady bilen düýbi tutulan ýokary okuw mekdebiniň milli hünär bilimi ulgamynyň öňdebaryjy mekdebi, sebitde iri halkara derejeli bilim ojaklarynyň biri boljakdygyny buýsanç bilen nygtadylar. Täze ýokary okuw mekdebiniň innowasion bilim ojagy boljakdygyna hem-de dünýäniň ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň işjeň hyzmatdaşyna öwrüljekdigine, kämil bilimli hünärmenleri taýýarlamaga mynasyp goşant goşjakdygyna ynam bildirildi. Bellenilişi ýaly, şu ýylyň 12-nji aprelinde hormatly Prezidentimiz bu ýokary okuw mekdebiniň binasyny gurmak hakyndaky Karara gol çekipdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Merkezi bankyna «Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankyna, Senagatçylar

Talyplyga dalaşgärler resminamalaryny tabşyrýar

Hormatly Prezidentimiziň 8-nji iýulda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň barşynda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça degişli resminamalara gol çekmegi bilen baglylykda, şu günler berkarar Watanymyzda talyplyga dalaşgärleriň resminamalaryny kabul etmek işi ýaýbaňlandyrylan derejede dowam edýär. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryndan ugur alnyp, bu möhüm çärä biziň welaýatymyzda hem jogapkärli çemeleşilýär. Talyplyga dalaşgärlerden resminamalary kabul etmek çäresi üçin Ak bugdaý etrabyndaky 1-nji, 16-njy hem-de takyk we iňlis dili derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdeplerde ähli şertlerdir mümkinçilikler göz öňüne tutulypdyr. Şu günler agzalan bilim ojaklarynda ýörite döredilen iş toparlary hereket edip, degişli ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine girmek isleýän dalaşgärlerden resminamalary kabul edýärler.

Bi­lim — röw­şen gel­je­gi­mi­ziň bin­ýa­dy

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­myz­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän giň ge­rim­li iş­ler, ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­ler be­ýik ösüş­le­ri na­zar­la­ýar. Hal­ky­myz ag­zy­bir­lik­de be­lent mak­sat bi­len ynam­ly öňe bar­ýar. Bu gün ýur­du­myz yk­dy­sa­dy­ýe­t­de, oba ho­ja­lyk top­lu­myn­da, ylym-bi­lim ul­ga­myn­da ga­za­nyl­ýan ne­ti­je­ler, in­no­wa­sion teh­no­lo­gi­ýa­lar esa­syn­da öň­de­ba­ry­jy döw­let­le­riň ha­ta­ry­na go­şul­dy. «Hal­kyň Ar­ka­dag­ly za­ma­na­sy» ýy­lyn­da döw­le­ti­mi­ziň mun­dan beý­läk-de ösü­şi­ni ga­zan­mak üçin düýp­li öz­gert­me­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ga­za­nyl­ýan oňyn ne­ti­je­ler hal­ky­my­zy be­ýik iş­le­ri ama­la aşyr­ma­ga ruh­lan­dyr­ýar. Aba­dan, pa­ra­hat ýur­du­myz­da hal­ky­myz bag­ty­ýar za­ma­na­my­za gu­wa­nyp ýa­şa­ýar. Bag­ty­ýar za­ma­na­da zäh­met çe­kip, ýur­du­my­zyň ösü­şi­ne öz my­na­syp go­şan­dy­ňy go­şup, çe­ken zäh­me­tiň hö­zi­ri­ni gör­mek uly bagt.

Ýat­dan çyk­ma­jak pur­sat­lar

Ar­zuw­la­ryň ha­syl bol­ýan ýur­dun­da bag­ty­ýar ne­sil­le­riň to­mus­ky dynç alyş möw­sü­mi do­wam ed­ýär. Ýur­du­my­zyň dür­li kün­jek­le­rin­de gur­lup, ula­nyl­ma­ga ber­len ça­ga­lar dynç alyş we sa­gal­dyş mer­kez­le­ri ýaş nes­li gu­jak açyp gar­şy­la­ýar. Bag­ty­ýar kör­pe­le­riň to­mus­ky dynç alyş gün­le­ri­niň ýat­dan çyk­ma­jak pur­sat­la­ry­ny dö­red­ýän şü­we­leň­li çä­re­ler dynç alyş mer­kez­le­ri­niň äh­li­sin­de yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýär. Gy­zyk­ly çä­re­ler, dür­li bäs­le­şik­ler, sport ýa­ryş­la­ry wagt­la­ry­ny hoş ge­çir­ýän ça­ga­la­ra to­mus şat­ly­gy­ny paý­la­ýar. Bi­ziň we­la­ýa­ty­myz­da­ky Çär­jew et­ra­by­nyň çägin­de ýer­leş­ýän «Bag­ty­ýar­lyk» ça­ga­lar dynç alyş we sa­gal­dyş mer­ke­zin­de hem şa­dy­ýan kör­pe­le­riň gül­ki ses­le­ri be­lent­den ýaň­lan­ýar. Hä­zir­ki dö­wür­de dynç al­şyň 3-nji möw­sü­mi­niň do­wam ed­ýän gün­le­rin­de bi­ziň mek­dep okuw­çy­la­ry­myz hem şol ýer­de dynç alyp, wag­ty­ny şa­dy­ýan­lyk­da ge­çir­ýär­ler. Ga­ly­ber­se-de, tej­ri­be­li kär­deş­le­ri­miz hem «Bag­ty­ýar­lyk­da» ter­bi­ýe­çi hök­mün­de ýaş nes­liň göw­ne­jaý dynç al­şy­ny gu­ra­ma­ga go­şant goş­ýar­lar.

Oňat taý­ýar­lyk — üs­tün­li­giň göz­ba­şy

Hem­mä­mi­ze mä­lim bol­şy ýa­ly, ýur­du­my­zyň äh­li bi­lim ojak­la­ryn­da tä­ze okuw ýy­ly­ny ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk­ly gar­şy­la­mak bo­ýun­ça taý­ýar­lyk iş­le­ri giňden ýaý­baň­lan­dy­ryl­ýar. Okuw­çy­la­ryň hem­me­ta­rap­la­ýyn abat­la­ýyş iş­le­ri ge­çi­ri­len, okuw ýy­ly­na do­ly taý­ýar edi­len ak mek­dep­ler­de bi­lim al­ma­gy üçin Gu­ba­dag et­ra­byn­da­ky 2-nji or­ta mek­de­bi­mi­ziň mu­gal­lym­la­ry­dyr iş­gär­le­ri hem yh­la­sy­ny gaý­gyr­ma­ýar­lar. Mek­de­bi­miz­de tä­ze 2022-2023-nji okuw ýy­ly­na taý­ýar­lyk iş­le­ri ir­gö­zin­den baş­la­dy. Öz işi­ne örän jo­gap­kär­çi­lik­li çe­me­leş­ýän mu­gal­lym­la­ryň we mek­de­biň iş­gär­le­ri­niň taý­ýar­lyk iş­le­ri­ni hem bir­jik-de üns­den dü­şür­me­ýän­dik­le­ri­ni tu­ruw­baş­dan bel­le­mek ge­rek. «Ar­ka­la­şyk­ly iş ab­raý ge­tir­ýär» diý­li­şi ýa­ly, olar bi­rek-bi­re­giň taý­ýar­lyk iş­le­ri­ni alyp ba­ryş­la­ry­na ba­ha ber­ýär­ler, öza­ra pi­kir alyş­ýar­lar, bu işe tä­ze­çil çe­me­leş­mä­ge ça­lyş­ýar­lar. Munuň şeýledigi tä­ze okuw ýy­ly­na okuw-gör­kez­me es­bap­la­ry­nyň, bi­lim be­ri­ji­lik äh­mi­ýet­li di­war­lyk­la­ryň taý­ýar­la­ny­şyn­da aý­dyň gö­rün­ýär. Gö­rel­de­li mu­gal­lym­la­ryň ta­gal­la­la­ry bi­len mek­dep­de dür­li ders­ler bo­ýun­ça okuw-gör­kez­me es­bap­la­ry­nyň uly top­lu­my taý­ýar­lan­dy. Ola­ryň ara­syn­da, elekt­ron gör­nüş­li dür­li pre­zen­ta­si­ýa­la­ryň, oku