"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Ykjam taýýarlyk görülýär

Welaýatymyzyň ýüpekçileri ykdysadyýetimiz üçin gymmatly çig mal bolan piläniň bol hasylyny ýetişdirmek üçin ykjam taýýarlyk görýärler. Gurçuk tohumlaryny janlandyrmak üçin etrabyň çäginde iki ýerde ýöriteleşdirilen jaýlar bildirilýän talaplara laýyklykda doly taýýar edildi. Ýüpekçi kärendeçiler ýüpek gurçuklarynyň saklanjak jaýlaryny möwsüme taýýarlaýarlar. Ýüpek gurçuklaryna göwnejaý ideg etmek barada gürrüňdeşlik geçirilip, ýüpekçiler bilen şertnama baglaşylýar, olary ýüpek gurçugynyň tohumy bilen üpjün etmek boýunça işler durmuşa geçirilýär. Şu ýyl welaýatymyzda 685 gap gurçukdan 25 tonna pile öndürmek maksat edinilýär. Magtymguly etrabynda 548 gap ýüpek gurçugyndan 20 tonna pile, Gyzylarbat etrabynda 110 gap gurçukdan 4 tonna, Bereket etrabynda hem 27 gap gurçukdan 1 tonna pile almak göz öňünde tutulýar.

Ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty pugtalanýar

Ata Watanymyz Türkmenistan Garaşsyzlyk ýyllary içinde durnukly ösüş ýoluna düşdi. Bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzda ähli pudaklar bilen birlikde ýurdumyzyň senagat ulgamynda hem maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Şeýle netijeli işleriň alnyp barylmagy söwda toplumynyň ähli ugurlaryny kämilleşdirýär. Hereket edýän ulgamlaryň çäginde döwrebap tehniki serişdeleriň ornaşdyrylmagy önümleriň hil taýdan kämilleşmegine giň ýol açýar. Häzirki döwürde ýurdumyzyň içeri we daşary ykdysady syýasatynda esasy orunlaryň birini eýeleýän söwda toplumy halk hojalygynyň çalt depginde ösýän ugruna öwrüldi. Bu ulgamda maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilmeginiň düýp maksady, milli ykdysadyýetimiziň ösüşini hil taýdan täze derejelere çykarmakdan, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmakdan ybarat bolup durýar. Söwda we hyzmatlar ulgamynyň ýokary derejelere çykarylmagy milli özgertmelerimiziň netijeli durmuşa geçirilýändiginiň beýany bolup durýar. Şeýle-de ykdysadyýetimiziň döwrebaplaşdyrylýandygyny, bu toplumyň ösüşi esasynda, milli önüm öndürijilerimiziň eksport mümkinçilikleriniň giň gerime eýe bolýandygyny hem bellemek gerek.

Ykdysady ösüşiň ýoly bilen

ÖSEN TEHNOLOGIÝA — ÝOKARY GÖRKEZIJILER Garaşsyz döwletimiz ykdysady ösüşleriň rowaç ýoly bilen öňe barýar. Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna kämil tehnologiýaly enjamlar ornaşdyrylýar. Şeýle öňegidişlikler elektroenergetika pudagynda has-da aýdyň duýulýar. Bu barada Türkmenistanyň döwlet Energetika institutynyň mugallymlary we talyby guwanç duýgularyny beýan edýärler.

«Türkmenhowaýollary» üç aýlyk meýilnamany 164,7 göterim berjaý etdi

«Türkmenhowaýollary» agentligi boýunça şu ýylyň ilkinji üç aýynda meýilleşdirilen işleriň ýerine ýetirilen mukdary 164,7 göterime deň boldy. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew Hökümetiň ýylyň üç aýynyň jemlerine bagyşlanan mejlsiinde hasabat berdi. Hasabat döwründe şu toplum boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 118,1 göterime deň boldy. Awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýükleri daşamagyň ösüş depgini 105,4 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini 101,7 göterime barabar boldy.

Geçen ýyl Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasyndaky ulaglar arkaly söwda $120 milliona golaýlady

Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 2023-nji ýylyň jemleri boýunça 118,36 million ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu barada “Biznes reklama” gazeti duşenbe güni habar berdi. Habarda bellenilişi ýaly, söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyň çäginde Täjigistan Türkmenistandan nebit, pagta ýagy, sement ýaly dürli önümleri we harytlary satyn alýar. Türkmenistan hem öz gezeginde Täjigistandan alýumin we oba hojalyk önümlerini import edýär.

Sanly ykdysadyýet – ygtybarly ösüşiň binýady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz ösüşlere beslenýär. Bu günki günde durmuşa geçirilýän işler halkyň bähbidini, ýurdumyzyň ösüşlerini nazarlaýar. Şunda halkyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň, iş üpjünçiliginiň derejesi, durmuş taýdan goraglylygy esasy ölçegleriň hataryna degişlidir. Türkmenistan her bir adamyň durmuş taýdan goraglylygyny kepillendirýän döwletdir. Häzirki döwürde ýurdumyzda halka hyzmat etmegiň möhüm guraly bolan kanunçylygyň ösdürilmegi, barha kämilleşdirilmegi aýratyn many-mazmuna eýedir. Ýurdumyzda ykdysady ösüşiň durnuklylygyna gönükdirilen netijeli işler alnyp barylýar. Raýatlaryň zähmet işine bolan konstitusion hukuklary ygtybarly goralýar we şahsyýetiň durmuş ülňüleriniň ýokary derejesi üpjün edilýär hem-de ilatyň durmuş goraglylygy kepillendirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli başlangyçlar, beýik işler halkyň abadan durmuşyna gönükdirilýär. Hut şonuň üçin hem halkyň hal-ýagdaýy has-da gowulanyp, ýaşaýyş-durmuş şertleri barha ýokarlanýar. Munuň özi häzirki döwürde halk bähbitli işleriň yzygiderli durmuşa ornaşdyrylýandygyny, döredijilikli zähmet çekmäge giň mümkinçilikleriň döredilýändigini aýdyň beýan edýär. Ýurdumyzda durnukly ösüşi üpjün etmek üçin ykdysady işi kadalaşdyrmak, maksatnamalaýyn işleri amala aşyrmak üstün

Belent maksatlar rowaçlanýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz beýik ösüşlere eýe bolýar, döwrebap özgertmeler bilen üstünliklere beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän beýik işleri halkyň bähbidini nazarlap, aýdyň geljegimizi üpjün edýär. Häzirki döwürde ylmyň we sanly tehnologiýalaryň ösdürilmegi netijesinde täze mümkinçilikler döredilýär. Şunda sanly tehnologiýalara düşünýän we milli ykdysadyýetimiziň ösüşine goşant goşup bilýän ýaşlaryň kemala gelmegi möhümdir. Ylymly-bilimli hünärmenler bolsa ösüşiň hereketlendiriji güýji hasaplanýar. Häzirki döwür ösüşleriň we täze tehnologiýalaryň zamanasy hasaplanylýar. Dünýäde bolup geçýän özgerişlikler, ylmy-tehnologik babatynda amala aşyrylýan bimöçber öňegidişlikler ýurdumyzyň ösüşine öz täsirini ýetirýär. Häzirki wagtda jemgyýeti we ykdysadyýeti ylymsyz we tehnologiýasyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Dürli ugurlarda bolşy ýaly, ykdysadyýetde hem sanly tehnologiýalara uly ähmiýet berilýär. Täze tehnologiýalaryň peýda bolmagy, sanly ulgamyň ösüşi işleriň sazlaşykly ýola goýulmagynda möhüm guraldyr. Sanly ulgamyň mümkinçilikleri her bir raýata elýeterli bolup, gündelik durmuşymyzda örän köp ýeňillikleri döredýär.

Senagatlaşmagyň batly gadamlary

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň oýlanyşykly, öňdengörüjilikli we asylly başlangyçlary hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň innowasion ösüşine mahsus amala aşyrylýar. Garaşsyz Watanymyzyň ykdysadyýetini döwrebaplaşdyrmakda halkymyzyň milli garaýyşlaryndan, ýerli tebigatymyzyň aýratynlyklaryndan we dünýä tejribesinden ugur alynýar. Hemişelik Bitarap döwletimiziň maksatnamalaýyn we toplumlaýyn häsiýetli ykdysady syýasaty häzirki zaman ylmynyň gazananlaryndan, innowasion tehnologiýalaryndan hemmetaraplaýyn peýdalanmaga, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilýär. Türkmenistany tebigy çig maly gaýtadan işleýän iri senagat merkezine, ýokary hilli harytlary öndürýän ýurda öwürmeklik maksat edinilýär. Şunda iri möçberli taslamalaryň, maýa goýumlaryň esasynda ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň özleşdirilmegine, öndürilýän harytlaryň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlandyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Ata Watanymyzda daşary ýurtlardan getirilýän senagat harytlarynyň ornuny tutýan, ekologiýa taýdan arassa önümleriň öndürilýän görnüşlerini, mukdaryny artdyrmak, milli ykdysadyýetiň eksport mümkinçiliklerini giňeltmek üçin täze kuwwatlyklaryň işe girizilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Munuň şeýledigi ýurdumyzda gurlup, ulanylmaga tabşyrylýan durmuş-ykdysady, medeni-ýaşaýyş maks

«Balkan» zawody täze gury ýük gämileri üçin IMO belgileri aldy

«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody gämileri abatlamak, gurmak boýunça hyzmatlaryny gün-günden kämilleşdirýär. 5-nji aprelde «Koryo Shipbuilding Industry Technology Co., Ltd.» kompaniýasy bilen bilelikde guruljak ýük göterijiligi 6100 tonna bolan iki sany gury ýük gämileri üçin Halkara deňiz guramasy tarapyndan «IMO Resolution A.1078» (28) rezalýusiýasyna laýyklykda IMO belgileri alyndy. Bu barada «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň resmi saýtynda habar berildi.

«RDÝ-Hyzmatdaş» žurnaly 2023-nji ýylda wagonlaryň önümçiliginiň bazary hem-de abatlanylyşy boýunça ýyllyk seljeriş işlerini geçirdi

«Russiýanyň demir ýollary» žurnalynyň redaksiýasy geçen ýyl boýunça «Ýük wagonlaryň önümçiliginiň bazary we abatlanylyşy. Ýylyň jemi»  atly derňew işlerini geçirdi. Ýyllyk barlag-seljeriş maglumatlary geçen döwürde bazara monitoring gözegçilik işlerini geçirmek, parky saklamak üçin çykdajylary seljermek, şeýle hem kazyýetden öňki we kazyýet işlerinde peýdalanmak üçin ulanylyp bilner.

Abadan ýaşaýşyň hyzmatynda

Suw abadan ýaşaýşyň, ilatyň sagdyn bolmagyny gazanmagyň esasy şertleriniň biridir. Suwuň bar ýerinde ýaşaýyş bar, suwuň bol ýerinde gülläp ösüş bar. Şu hakykatdan ugur almak bilen, geçen ýyllarda «Türkmenistanyň ilatly ýerlerini agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça Baş maksatnamany» üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda uly möçberli işler bitirildi. Şonuň netijesinde Lebap welaýatynyň ilatly ýerlerini agyz suwy bilen üpjün etmek wezipesi üstünlikli çözülýär. Bu möhüm işe «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Türkmen geologiýa gözleg ekspedisiýasynyň Köýtendag geologiýa gözleg partiýasynyň başarjaň hünärmenleri maksada okgunly ýagdaýda gatnaşýarlar. — Gündogar welaýatyň obadyr şäherlerini agyz suwy bilen ygtybarly üpjün etmek maksady bilen ýerasty suwlaryň täze ýataklaryny agtaryp tapmak, olaryň goruny anyklamak boýunça gözleg işlerini alyp barýarys. Golaýda möhüm taslamalaryň ikisini üstünlikli tamamladyk — diýip, baş geolog Şanazar Anarow bizi geçen döwürde ýerine ýetirilen işler bilen tanyşdyrdy.

Halkara göçme forumy geçiriler

Türkmenistan daşary ýurtlar bilen maýa goýumlary babatda hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Bu ýerde esasy maksat ýurdumyzda durmuşa geçirilýän iri energetika we infrastruktura taslamalaryna daşary ýurt maýalaryny çekmekden ybarat bolup durýar. Şol maksat bilen şu ýylyň 24-25-nji aprelinde Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde halkara göçme forumyny geçirmek meýilleşdirilýär. Bu forumda milli ykdysadyýetimiziň energetika, gurluşyk we senagat, ulag-aragatnaşyk pudaklaryndaky maýa goýum taslamalary bilen tanyşdyrmaga aýratyn üns berler. Türkmenistany ýokary hilli, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýän kuwwatly önümçilik düzümli senagat ýurduna öwürmek esasy maksatlaryň biri hökmünde kesgitlenildi.

Ykdysady kuwwat — berk binýat (Ösüşleriň röwşen ýoly)

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda bolşy ýaly, ýangyç-energetika toplumynda hem giň gerimli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşiniň, ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, halkymyzyň rowaçlygynyň üpjün edilmeginde möhüm orny eýeleýän elektrik energetika pudagynyň ägirt uly mümkinçiliklerini netijeli ulanmak milli strategiýanyň möhüm ugurlarynyň biridir. Dünýäde uly energetiki kuwwata eýe bolan Türkmenistan energiýa serişdelerini öndürýän, üstaşyr geçirýän, sarp edýän ýurtlaryň bähbitlerini deň tutmaga esaslanýan ählumumy energetika howpsuzlygynyň durnukly arhitekturasyny döretmäge çalyşýar. Bu günki gün türkmen topragynyň tebigy baýlyklaryny netijeli ulanmak boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreler ýurdumyzyň energetika kuwwatynyň barha pugtalanýandygyny, bu pudakdaky iri möçberli maýa goýum taslamalarynyň halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam berýändigini dolulygyna subut edýär.

Russiýa Federasiýasynyň üsti bilen Hytaýdan Ýewropa uzaýan demir ýol gatnawy şu ýylyň birinji çärýeginde 44% ösdi

2024-nji ýylyň birinji çärýeginde Russiýanyň üsti bilen demirýol arkaly Hytaýdan Ýewropa konteýner daşamagyň mukdary 44% artyp, bu görkeziji 90 müň TEU ýetdi. Şeýle maglumatlar «Russiýanyň demir ýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň baş direktorynyň orunbasary, şol marka bilen hereket edýän Ulag hyzmatlary merkeziniň (CFTS) başlygy Alekseý Şilo tarapyndan geçirilen brifingde žurnalistlere ýetirildi. Ol «Russiýanyň demir ýollarynyň» 2024-nji ýylyň ikinji çärýeginiň netijeleri boýunça üstaşyr gatnawyň ösüş depgininiň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 30-40% ýokarlanmagyna garaşýandygyny belleýär. «Hytaý—Ýewropa» üstaşyr demir ýol ugry Gyzyl deňizde ýüze çykan dartgynlyk sebäpli, halkara ýük ekspeditorlary tarapyndan, ilkinji nobatda, Gazagystanyň we Belarusyň üstünden uzaýan iň gysga ýol boýunça gaýtadan ulanylyp başlandy. Ýüze çykan kynçylyklar sebäpli, birnäçe gämi gatnaw kompaniýalarynyň gämileriniň Afrikany aýlanyp, Ýewropa tarap ýola düşmegini we bu ugra 3600 deňiz miliniň ýa-da üstaşyr 20 günüň goşulmagyny saýlamagyny şertlendirdi. Şu şertlerde Russiýanyň üsti bilen Hytaýdan Ýewropa çenli has gysga we amatly gury ýer ýük daşaýjylary hemmeleriň ünsüni özüne çekdi.

Dünýäniň howa ýük gatnawy fewral aýynda ösüş depginini saklady

Halkara howa ulaglary assosiasiýasynyň (IATA) habaryna görä, fewral aýynda dünýäniň raýat awiasiýasynyň ýük dolanyşygy 2023-nji ýylyň fewraly bilen deňeşdirilende 11,9% artyp, 19,7 milliard tonna/kilometre ýetdi. Howa gatnawlary boýunça ýük daşamaga bolan isleg yzygiderli üçünji aýda iki ugurdaky nyrh boýunça ösýär: ol ýanwar aýynda 18,4%, 2023-nji ýylyň dekabrynda — geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,8% ýokarlandy. Halkara ugurlar boýunça fewral aýynyň ýük dolanyşygy geçen ýylyň degişli bölegi bilen deňeşdirilende, 12,4% artdy, ulag möçberiniň iň ýokary mukdary Afrikada (22%) we Ýakyn Gündogarda (20,9%) hem ösdi, Demirgazyk Amerikada iň kiçi derejedäki ösüş (4.2%) bellige alyndy. Howa ýük bazaryndaky üpjünçilik dekabr aýynyň iň ýokary derejesinden az-kem peselmegini dowam etdirdi: fewral aýynda bazaryň kuwwaty 43,8 milliard tonna/kilometr boldy. Şeýle-de bolsa, görkeziji bir ýyl ozalkydan 13,4%, 2022-nji ýylyň fewral aýyndan 20,6% artykdyr. IATA elýeterli ýük kuwwatynyň köpelmeginiň sebäbini köp sanly ýolagçy uçarynyň gatnawlar üçin gaýdyp gelmegi (geçen ýyl bilen deňeşdirilende 29,5% ýokarlanmagy), mysal üçin ýük awiakompaniýalarynyň halkara howa ýollaryndaky (ýylda bary-ýogy 3,2% ýokarlandy) ugurlary üpjün etmegi bilen düşündirýär.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalary

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 31 sanysy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna, Owganystandan, Türkiýeden, Birleşen Arap Emirliklerinden, Gyrgyz Respublikasyndan hem-de Gruziýadan gelen telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen awiakerosini, nebit bitumyny, şeýle-de «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilen «B» markaly karbamidi satyn aldylar. Şol sanda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen dürli görnüşli dokma önümleri satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 20 million 590 müň amerikan dollaryndan gowrak boldy.

Söwda toplumy: gazanylan üstünlikler, ýetilen sepgitler

3 — 5-nji aprel aralygynda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisi geçirildi. Nobatdaky gözden geçirilişde ýurdumyzyň söwda-ykdysady taýdan ýeten sepgitleri, gazanan üstünlikleri öz beýanyny tapdy. Üstünlikli geçen bu sergä Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň düzümleridir kärhanalary gatnaşdylar. Şolaryň hatarynda «Türkmenetsüýtsöwda», «Türkmenbakaleýa» lomaý-bölek söwda kärhanalaryny, «Howdan-Bajgyran» söwda firmasyny, Aşgabat şäheriniň Bazarlar birleşigini, şeýle hem ilkinji gezek gatnaşýan Arkadag şäher Söwda müdirligini görkezmek bolar. Bu ýerde ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň önümçilik-söwda guramalary, alyjylar jemgyýetleriniň birleşikleri hem öz diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdylar. Şeýle hem sergide «Mizan» täjirçilik merkezi, «Ruhubelent», «Altyn Ýyldyz» kärhanasy, «Parahat» medeni-dynç alyş merkezi, «Altyn asyr» söwda merkezi jemgyýetçilik iýmiti pudagyndaky hyzmatlaryň ugurlary bilen sergä gelenleri giňişleýin tanyşdyrdylar. Sergide ýurdumyzdaky Kompýuter tehnologiýalary merkeziniň hyzmatlary, «Türkmenlomaýdaşarysöwda» birleşiginiň kärhanalary, «Altyn damja», «Tut», «Sada suw» kärhanalarynyň agyz suwlary we dürli görnüşli içgilerine uly orun berildi. Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň diwarlygynda hem ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmegiň netijeli ýo

Altynyň unsiýasy 2300 dollara çenli gymmatlady

Geçen hepdäniň çarşenbe gününde altynyň bahasy täze rekord goýdy. Gymmat bahaly metalyň bir unsiýasy 2306,25 amerikan dollaryna ýetdi. Geçen hepdäniň çarşenbe güni Çikago söwda biržasynda (CME) iýun altyn şertnamasynyň bahasy 1,18 göterim ýokarlanyp, bir unsiýasy 2308,8 amerikan dollary boldy. Bu taryhda iň ýokary dereje boldy.Gymmat bahaly metalyň bahasy yzygiderli 7 gün bäri ýokarlanmagyny dowam edýär.

SIRKULÝAR YKDYSADYÝETE GEÇMEGIŇ ÖSEN TEJRIBESI: HYTAÝ HALK RESPUBLIKASY

(Başlangyjy gazetiň geçen sanynda). Meýilnamada kesgitlenen maksatlara ýetmek üçin durmuşa geçirilmeli möhüm üç sany wezipe görkezilýär. Bu wezipeler, esasan, sebit häkimiýetleriniň derejesinde çözülmäge degişlidir.

Sanly ykdysadyýetiň söwda gatnaşyklarynyň ösmegindäki täsiri

Sanly ykdysadyýet – informasion-kommunikasion tehnologiýalara esaslanan ykdysady, durmuş we medeni gatnaşyklaryň ulgamy. Sanly ykdysadyýet adalgasy häzirki wagtda syýasatçylar, ykdysadyýetçiler we bilermenler tarapyndan giňden ara alnyp maslahatlaşylýar. Bu adalga ilkinji gezek 1995-nji ýylda ABŞ-nyň Massaçusets uniwersitetiniň alymy Nikolas Negroponte tarapyndan teklip edilýär. Ol bu adalgany ozalky ykdysadyýet bilen deňeşdireniňde, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň okgunly ösmegi netijesinde kemala gelýän täze ykdysadyýetiň artykmaçlyklaryny häsiýetlendirmek üçin ulanylypdyr.