Ykdysady rowaçlygyň kepili
Mälim bolşy ýaly, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň şu ýylyň 23-nji noýabrynda geçirilen mejlisinde Döwlet býujetiniň esasy maddalaryny düýpli seljermek we olary döwrüň talaplaryna laýyk getirmek ýaly möhüm wezipeler öňde goýuldy. Şol wezipelerden hem-de Gahryman Arkadagymyzyň gymmatly maslahatlarydyr tekliplerinden ugur alnyp, degişli işleriň ýerine ýetirilmegi, «Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Kanunyň kabul edilmegi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, milli, pudaklaýyn hem sebitleýin maksatnamalary amala aşyrmak boýunça işleriň maliýe taýdan doly we bökdençsiz üpjün edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Maglumatlar ulgamy kämil ösdürilýän, durmuşyň ähli ugurlaryna çylşyrymly tehnologiýalar ornaşdyrylýan häzirki döwürde dünýäde ösüşiň iň täze hem-de amatly nusgalary gözlenilýär. Bu ugurda ýurdumyz ählumumy ykrar edilen, açyklyga, howpsuzlyga esaslanýan ösüş ýolunyň özboluşly nusgasyny saýlap aldy. Netijede, Arkadagly Serdarymyzyň başlangyçlary esasynda, ýurdumyz öz ykdysady strategiýasyny işläp düzýär hem-de milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak arkaly ösdürmegi, onuň dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply bolmagyny maksat edinýär. Ýurdumyzyň ösüşiniň maliýe çeşmesi bolan Döwlet býujetini kämilleşdirmek, sanly ykdysadyýete geçmek, innowasion usullary giň gerimd