Asylly maksatlar
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda möhüm ähmiýetli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ähli pudaklarda gazanylýan oňyn netijeler eziz Watanymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegine ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär. Ýer ýüzünde ykdysady taýdan kuwwatly döwletleriň biri hökmünde tanalýan ýurdumyzda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hem bu ugurda guwandyryjy netijeler gazanyldy. Muňa ýakynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde garalan şu ýylyň on bir aýynda alnyp barlan işleriň netijeleriniň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Mejlisde bellenilişi ýaly, on bir aýyň jemleri boýunça jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2 göterim derejesinde durnukly saklanylýar. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önümleri öndürmegiň möçberi 11 göterim artdy. Hasabat döwründe bölek-satuw haryt dolanyşygynyň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,6 göterim, daşary söwda dolanyşygy bolsa 35,7 göterim artdy. Şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 119,9 göterim, çykdajy bölegi bolsa, 98,1 göterim ýerine ýetirildi. Ortaça aýlyk zähmet haky geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,4 göterim ýokarlandy. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlary