"Rysgal" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi
Salgysy: Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 174
Telefon belgileri:21-23-57

Habarlar

Şygryýet bossany

Türkmenistan Ýaýlaň lälä bezenipdir, mahmal begres dag etegiň,Sähraň güle bürenipdir, asman geýip gök keteni,Şu günleri diläp-diläp, ajap eýýamdyr ýetenim,Ata-baba bu topragyň daýym başdan erkin islän,Dünýe içre barlygymsyň ömre ömür Türkmenistan!

Şygryýet bossany

Hoşallyk Dost golun uzadýaň dünýä ýüzüne,Dünýä ýüzi haýran dana sözüňe,Baky bagty peşgeş berdiň iliňe,Eziz Arkadagym, sag bol Gahryman!

Şygryýet bossany

Watan Bu meniň Watanym, saňa söýgim kän,Mähriban ojagym, käbämiň öýi,Dowamat-dowamym agtyklaň özi, Obam, ilim, dostum, doganym Watan!

Şygryýet bossany

Halkyň ykbaly Beýik gelejegi röwşendir halkyň,Arkadagly Serdar halkyň ykbaly.Asyl howandaryn saýlaýar halkym,Arkadagly Serdar halkyň ykbaly.

Şygryýet bossany

Arkadagly Serdar bilen Hak halatly türkmen aman,Arkadagly Serdar bilen.Ata Watan — Berkarar sen,Arkadagly Serdar bilen.

Şygryýet bossany

Obam Topragyň tyllaýy, müň dürli many,Hemem üýtgeşikdir säheriň-sabaň.Bagta barýan ýola berdiň patany,Mähriban obam!

Ylham ýaýlasy

Jahan ýagtyldy Dünýä indiň, bütin jahan ýagtyldy,Kuýaşyň ýüzünden serpildi perde.Aý gaçyrdy agzyndaky ýaşmagyn,Ýyldyzlar göründi göze her ýerde.

El telefony (Degişme äheňinde)

Ählisini bulaşdyran şu el telefony boldy. Hiç kimden gaçyp gutuljak gümanyň ýok. Ynanmasaň, öçürip bir gör, baý, gopgun turar-a! Aljyrap: «Pulum tükenipdir, bergä gidipdirin» diýersiň. Emma bu jogabam seni halas edip bilmez. Hemmelerem saglygyňy sorap ýa aladaňy edip jaň edenok, möhümi bolsa, sen gerek. Ýadadym, gaty ýadadym. Telefony oýlap tapana igenen gezegimem az däl. «Onsoň el telefonsyz gezäýsem nähili bolarka?» diýen täsin pikir kelläme geldi. Bu pikirden hoş bolup, gaýybana hemmelere pitjiň atdym: «He-he-he, asyl, tapmanjyk geçersiňiz meni».

Şygryýet bossany

Agtyklaryma Nury didäm agtyklarym, ýüregimiň örki sizde,Gözlerime öý-törüm däl, tutuş dünýäň görki sizde!

Şygryýet bossany

Watanym Asyrlaryň dowamy, sen arzuwlap ýetenim,Deňsiz-taýsyz buýsanjym, elýetmezim Watanym! Berkararlyk şuglasy, bagtly daňlar atanym,Gözlerimiň röwşeni, sensiň, eziz Watanym!

Şygryýet bossany

Guwanýan Dostluk gollaryny uzadýan çar ýanArkadagly Serdarmyza guwanýan.Bedew bady bilen geljege barýanArkadagly Serdarmyza guwanýan.

Şygryýet bossany

Pikir parçalary Aýlar-günler geçýär...Wagt garaşmaýar,Hereket etmeseň bagt garaşmaýar.Dünýe gül ömrüňi girew goýduryp,Nesýe söwda edýär, nagt garaşmaýar.* * * Iň gowy güllerem solýan ekeni,Bu —           ýürege agram salýan ekeniGözden ýaş akdyryp, köküni nemläp,Ökünme, boljak zat bolýan ekeni.* * * Näsin aýdýaň...Güller hiç wagt solmasa,Ýa solmanka, biri gelip ýolmasa.Hazanda galdyryp,Akrapda gu:rap,Maksadyna ýetip, ömrün soňlasa...* * * Ömürboýy guş dilinde sözledim,Hem şol dile düşünýäni gözledim.Görsem, maňa düşünmeýän guşlaryňbazaryna dönen eken gözýetim.* * * Ýaşaýyş bolmaz-a bolmasa urba,Urbanyň bolmagy baglydyr gurba.Ýöne, sen ajyňdan ölýänem bolsaň,Özüňçe ýoklara boýnuňy burma.* * * Meniň barýan ýolum takykmy, çenmi,Ugrumy bilere ýokmuka çelgi?!Ýöne, bu dünýäde özüňden ugrap,Ýetip bolýar diňe özüňe çenli.* * * Meniň öz-özüme etjek dilegim:— Her bir işi öz aňyňda elegin.Baryp oda düşäýmegi ahmaldyr,Ýel ugruna gaýyp giden ýelegiň.* * * Özüňden ýaşula berilsin salam,Çyn hormat deňinde görülsin salam.Ýeterlik däl, diliň bilen aýdanyň,Gözleriň içinden görünsin salam.* * * Öz içiňde gizläp sakla «meniňi»,«Biz» diý,«Bizde» duýup bolýar çeniňi.Ýüregiň gözüň

Şygryýet bossany

Türkmenistanym Mukaddesdir maňa gysym topragyň,Bahasyz baýlygym, jigerim, janym.Galkynan ruhuň hem şöhratyň-şanyň,Watanydyr meniň Türkmenistanym.

Şygryýet bossany

Türkmen binasy(Magtymguly Pyragynyň gazalyna tahmys) Asla durmaz hiç zaman, bu pelegiň çarhydyr,Gezekli-gezegne dogan aftap birle mahydyr,Älem içre behişt mekan gözelligiň şahydyr,«Gurdugym aslynda bilgil, bu zeminiň myhydyr,Erer ol erkin mydam, budur türkmen binasy».

Şygryýet bossany

Tebigatyň sahylygy Görüň, tebigatyň sahylygyny,Bize elwan gülli ýaz bagyşlapdyr.Ynsanyň saglygna dahyllydygnyBilip, aýdym bilen saz bagyşlapdyr.

Şygryýet bossany

Watan mähri Meni söýgiň gujagynda hüwdülän,Mährem enäň aýasy dek ýellerem.Misli sekiz jennet goýnunda dörän,Başga nirde behişt baryn bilmerin.

Şygryýet bossany

Seýran etsek gül Diýara Seýil edeliň bu jahana,Jahanda näler görüner.               Magtymguly Pyragy

Şygryýet bossany

Arkadagly Serdarym Siz peder ýoluna dowam berdiňiz,Uýup gadym türkmen parasadyna.Altyna barabar her bir sözüňiz,Ýazylyp dur taryhlaryň gatyna.

Şygryýet bossany

Watan Sende doglup, boý alyp, saňa başym goýdugym,Iň mukaddes saýdygym, enem deýin söýdügim,Buýsanjym egsilmezdir, dillerimde aýdymym, Gözelligiň barysy jemlenipdir, sende Watan.

Ak melekler ýa-da ruhy sedalar (pikirler, duýgular, liriki miniatýuralar)

Edebiýat — köňül bazary. Oňa her bir döredijilik işgäri özüniň kalp engamlaryny çykarýar. Ol bazardan bolsa her bir alyjy özüne gerek, kalbyna ýakyn ruhy harytlaryny saýlap alýar. Şonuň üçinem edebiýat bir adamyňky, bir güýjüňde däl. Edebiýat halkyňkydyr. Bu barada dünýä filosoflary hem öz paýhas ummanlarynda belläp geçýärler. Edebiýat bazary ylham bazarydyr. Ýene-de gyzykly pursat: göýäki belent aýdymçylaryň sesi, täze döwrüň dili bilen aýdanymyzda, «parollanyp», syry gizlin belgileriň üsti bilen ýapyk görnüşde berilýän ýaly. Ol «koduň belgilerini» aýdymçynyň özünden hem-de Allatagaladan başga bilýän ýok. Şonuň üçinem ol owazy gaýry güýçleriň açyp biljek gümanasy ýokdur. Edebiýat bazaryndaky iň güýçli eserleri hem şeýle hasaplamak bolar. Goý, hiç kimiň gaýtalap bilmeýän syrly eserleriň höwri köp bolsun! Goý, edebiýat bazarynda biri-birine meňzemeýän özboluşly eserleriň sany barha artsyn! Eserler gaýtalanmasyn! * * *