Watan mukaddesliginiň çeper beýany
Watanyny, halkyny gözüniň göreji ýaly ezizleýän Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Serdarymyz döwletimiziň ähli ulgamlarynyň sazlaşykly ösmegi üçin uly aladalary edýärler. Ýurdumyzyň medeniýet we sungat wekilleri bolsa döredilip berilýän ajaýyp şert-mümkinçilikleriň netijesinde bagtyýar raýatlarymyzy belent maksatlara ruhlandyrmakda, ýaş nesillerimizi milli ýörelgelerimize laýyklykda, watançylyk ruhunda terbiýelemekde mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Balkanabat şäherindäki welaýat döwlet drama teatrynda Gahryman Arkadagymyzyň «Mertler Watany beýgeldýär» atly kitaby esasynda režissýor Öwezmämmet Galandarowyň sahnalaşdyran «Mukaddesdir bu Watan» atly spektaklynyň ilkinji görkezilişiniň mysalynda hem muňa aýdyň göz ýetirmek boldy. Gymmatly eser esasynda goýlan bu sahna oýnunda Watany söýmek, onuň her bir daban ýeri üçin janyny orta goýan şahsyýetleriň nusgalyk häsiýetleri, sabyr-kanagatlylyk, ýokary adamkärçilik çeper beýan edilýär. Onda Bekel begiň (keşbi ýerine ýetiren Ýakup Öwezow), Ymran begiň (keşbi ýerine ýetiren Parahat Elýasow), Baýandyr hanyň (keşbi ýerine ýetiren Hydyr Hydyrow), Salyr Gazanyň (keşbi ýerine ýetiren Arslan Mämmetgulyýew), Gorkut atanyň (keşbi ýerine ýetiren Arslan Hojagurbanow), Nurhatynyň (keşbi ýerine ýetiren Ogulbeg Annagylyjowa), Seçek gyzyň (keşbi ýerine ýetiren Gülsoltan Arazgeldiýewa) Watana, il-güne bolan söýgüsi, gahrymançylykdan doly durmuş ýol