"Rysgal" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi
Salgysy: Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 174
Telefon belgileri:21-23-57

Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiz! Türkmen halkynyň müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan ynsanperwer ýörelgeleriniň arasynda öten-geçenleri ýagşylykda ýatlamak, hatyra dessurlaryny berjaý etmek aýratyn orun eýeleýär. Bedew bady bilen ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan Garaşsyz Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň at-abraýy, şan-şöhraty Ýer ýüzünde giňden dabaralanýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Siziň parasatly baştutanlygyňyzda halk hakydasynda müdimilik orun alan ynsanperwer ýörelgelerimiz, däp-dessurlarymyz mynasyp dowam etdirilýär.

Pederleriň ruhuna tagzym

Berkarar döwletimizde türkmen halkynyň milli däp-dessurlaryna döwlet derejesinde belent sarpa goýulýar. Muny her ýylyň oktýabr aýynyň 6-syna ýurt derejesinde bellenip geçilýän Hatyra gününiň mysalynda hem bütin aýdyňlygy bilen görmek bolýar. Şu gün ýurdumyzda bellenilýän Hatyra gününde 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary, söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlar hasrat bilen hatyralanýarlar. Türkmen halk parasadynda «Toýa garrama ýok» diýilýär. Bary-ýogy üç sözden ybarat bu jümlede dünýä ýaly giň many bar. Has takygy, bu aýtgyda gürrüň diňe toý hakynda däl-de, aýdylmadygam bolsa, ondan: «Toýa soň barsaňam bolar, sen ilki bilen merhumy hatyrala! (ýa-da başga bir gaýra goýup bolmajak iş ýüze çyksa, ilki bilen, şony bitir!)» diýen many aňlanylýar. Bu jümlede türkmen halkynyň nurana kalbynyň duýguçyllygy bar! Onda beýik Taňry söýen bu milletiň sahawatly ýüreginiň ýyly mähri bar!

Baýramçylyk dabaralary

«7/24. tm», № 40 (123), 03.10. 2022 Wa­ta­ny­my­zyň mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 31 ýyl­lyk to­ýy hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň gat­naş­ma­gyn­da Hal­ka­ra ahal­te­ke at­çy­lyk sport top­lu­myn­da gur­na­lan baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­la­ry bi­len do­wam et­di­ril­di.

Sport ulgamynyň wekilleri döwlet sylaglaryna mynasyp boldular

«7/24. tm», № 40 (123), 03.10. 2022 Hormatly Prezidentimiziň gol çeken resminamalaryna laýyklykda, şanly Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli kärinde tapawutlanan watansöýüji raýatlarymyzyň birnäçesine hormatly atlar dakyldy we döwlet sylaglary gowşuryldy. Bu her bir ynsanyň kalbynda Watana we kärine bolan söýgüsini artdyrdy.

Sportuň we sagdynlygyň wagyzçysy

«7/24. tm», № 40 (123), 03.10. 2022 et­ra­by­nyň dört sa­ny oba­sy bar­dy. Ola­ryň iki­si da­gyň ba­ýyr­ly­gyn­da, beý­le­ki­le­ri de­mir­ ýo­luň gaý­ra ta­ra­pyn­da, ýap­gyt meý­dan­ça­da ýer­le­şip­di. Et­rap­da ýö­ri­te­leş­di­ri­len sport meý­dan­ça­sy­nyň ýok­du­gy bu ýer­dä­ki ila­tyň sport­da mak­sa­da ok­gun­ly öňe git­me­gi­ne bök­denç­lik dö­red­ýär­di.

Kalba mukam — Aşgabat

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda bu gün ýurdumyzyň baş şäheri gözel Aşgabady mundan beýläk-de ähli görkezijiler boýunça ösen şäheriň ýokary derejesine laýyklykda gurmak we abadanlaşdyrmak ugrunda beýik işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şolaryň netijesinde hem häzirki wagtda mähriban paýtagtymyz eşretli durmuşyň berkarar edilen belent derejesini, gurmagyň we döretmegiň kämil gurşawyny, onuň çuň many-mazmunyny äleme äşgär edip, ösüşleriň täze belentliklerine sary bedew bady bilen öňe barýar. Ýurdumyzyň baş şäheri ak mermerli Aşgabat köpsanly naýbaşy gözellikleriň sazlaşykly jemlenen mekanydyr. Muňa aýdyň göz ýetirmek üçin bolsa paýtagtymyzyň ajaýyp künjeklerine seýle çykmak ýeterlik. Gyralary müň dürli öwüşginli güllere beslenen ýaşyl zolaklar bilen gurşalan giň şaýollardyr köçelerden başlap, sapaly seýilgähleriň, suw çüwdürimleriniň gözellikleri Aşgabadyň ak mermerden bina bolan ajaýyp keşbine egsilmez gözellik eçilýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda sazlaşykly ösüş ýoluna düşen mähriban paýtagtymyz bu gün dünýäniň ösen we ýaşamak üçin has amatly şäherleriniň hataryndan mynasyp orun eýeleýär. Aşgabatda gurulýan döwrebap desgalaryň ählisinde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokary derejesini üpjün etmekden gözbaş alynýar. Ýakynda ýurdumyzda uly ruhubelentlik bilen toýlanylan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 31 ýy

Görki nurana ak şäher

Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda gülläp ösýän eziz Watanymyzyň beýik ösüşleriniň, üstünlikleriniň ýokary derejeli görkezijisi bolan ak şäherimiz Aşgabat bu gün bagtyýar raýatlarymyzyň göz-guwanjyna, ýürek buýsanjyna öwrüldi. Her bir binasy ak mermere beslenip, Gün nuruna öwşün atýan görkana paýtagtymyzyň gün-günden özgerýän, kämilleşýän keşbinde ýurdumyzyň ykdysady, medeni kuwwaty aýdyň şöhlelenýär. Geçen sanlyja ýyllaryň içinde Aşgabatda iri toplumlaýyn şähergurluşyk maksatnamalarynyň ençemesi durmuşa geçirilip, jemgyýetçilik-medeni desgalaryň birnäçesi gurlup ulanylmaga berildi. Gahryman Arkadagymyz Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140  ýyllyk baýramy mynasybetli halkymyza peşgeş beren «Ak şäherim Aşgabat» atly kitabynda: «Ýurdumyzyň şäherleriniň her biriniň özboluşly gözelligi bar. Paýtagtymyz Aşgabat bolsa, şolardaky gözellikleriň baryny özünde jemleýän şäher. Onda tebigatyň täsinlikleri hem-de adam eli bilen döredilen ajaýyplyklar özboluşly sazlaşyga girýär. Aşgabadyň keşbinde diňe bir tebigatyň dürli gözellikleri däl, eýsem, döwürler hem bir sazlaşyga girýärler» diýip, örän jaýdar belleýär. Hakykatdan-da, ak mermerli paýtagtymyzyň keşbinde hemmetaraplaýyn ösen şäheriň döwrebap nusgasyny görmek bolýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda sazlaşykly ösüş ýoluna düşen mähriban paýtagtymyz bu gün dünýäniň ösen we ýaşamak üçin has amatly şäherleriniň hataryndan mynasy

Bagtyýarlyk binalary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe uly üstünliklere beslenip dowam edýän «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzda halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 31 ýyllygyny uludan baýram etdi. Ýurdumyzda her bir şanly senäniň asylly däbe öwrülen täze desgalaryň açylyş dabaralary bilen utgaşdyrylýandygyny bellemek has-da ýakymlydyr. Şanly Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda ata Watanymyzyň ähli künjeklerinde, şol sanda Lebap welaýatynyň çäginde hem täze döwrebap desgalaryň — ýolagçy awtomenziliniň binasynyň hem-de «KamAZ» kysymly awtoulaglar üçin okuw we tehniki hyzmat merkeziniň açylyş dabaralary boldy. Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän şeýle beýik işler bagtyýar ildeşlerimiziň ählisiniň ýüreklerini buýsanç duýgularyna besleýär. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistan gurýan ýurt, kuwwatly döwletdir. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, şäher we oba ýerlerini ösdürmek, ýurdy senagatlaşdyrmak, ulag-logistika düzümlerini döretmek boýunça ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen durmuşa geçirilen şeýle beýik işleriň Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýändigi aýratyn buýsandyryjydyr.

Döwrüň döwrebap desgalary

Ata Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan has-da ösdürmek baradaky döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmekde halk hojalygynyň ähli pudaklarynda we ulgamlarynda giň gerimli tutumly işler, düýpli özgertmeler üstünlikli ýerine ýetirilýär. Bu tutumly maksatnamalaryň ajaýyp netijeleri ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň ýeten belent sepgitlerinde hem aýdyň görünýär. Muny ýurdumyzyň Gurluşyk we senagat pudagynyň dünýäniň ösen derejelerini nazarlaýan rowaçly ösüşi, özi-de iň häzirki zaman talaplarynyň derejesinde gurlan we enjamlaşdyrylan ýokary amatlykly binalaryň kuwwatly binýady aýdyň görkezýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň ýeten derejesi, gazanýan ajaýyp zähmet ýeňişleri köňüllere buýsanç, ýüreklere ylham, ajaýyp zamanamyza nur-şugla paýlaýar.

Pederlerimiz hakydada bakydyr

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzyň milli medeniýetine, mirasyna uly üns berilýär. Gadymy medeniýetimiziň maddy hem-de ruhy miraslaryna, ata-babalarymyzyň Watan üçin görkezen edermenliklerine we Aşgabat ýertitremesinde wepat bolanlaryň ýagty ýadygärligini hatyralap, uly hormat goýlup, olaryň sarpasy belentde tutulýar. Aradan onýyllyklaryň geçendigine garamazdan, ýertitremesiniň we gazaply uruş ýyllarynyň ýüreklerde yz goýan hasraty halkymyzyň kalbynda hem agyr ýatlamalar bolup ýaşaýar. 1948-nji ýylyň oktýabr aýynyň 5-inden 6-syna geçilýän gije Aşgabatda we onuň eteklerinde dünýädäki iň aýylganç ýertitremeleriň biri bolup geçdi. Bu tebigy betbagtçylyk Aşgabady we onuň töweregindäki köpsanly obalary weýran etdi, adam pidalaryny döretdi. 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunyň agyr külpetlerini gerdeninde çeken halkymyz üçin bu hadysa iň pajygaly wakalaryň biri boldy. Mälim bolşy ýaly, şol aýylganç waka Gahryman Arkadagymyzyň atasy, Beýik Watançylyk urşunyň weterany, öz ömrüni asylly işe, oba çagalarynyň bilim we terbiýesine bagyşlan mekdep mugallymy Berdimuhamet Annaýewiň hem ömür tanapyny kesdi. Gahryman Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer» atly romanynda bu pajygaly hadysa şeýle beýan edilipdir: «Wagt 01 sagat 12  minut... Berdimuhamet näme bolup geçenini aňşyryp ýetişmedi. Jaýyň ara oklarynyň kerpiçleri üstüne gü

Watan gerçeklerine sarpa

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda halkymyzyň geçmiş taryhyny öwrenmekde, merdana pederlerimiziň sarpasyny belent tutmakda, nesillerimizi watançylyk ruhunda terbiýelemekde uly işler alnyp barylýar. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda her ýylyň 6-njy oktýabrynda mähriban halkymyz goja taryhyň pajygaly wakalaryny ýatlap, Hatyra gününi belleýär. Bu gün halkymyz 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesinde wepat bolan ildeşlerimizi hatyralaýar. Halkymyzda «Ulusyny sylan baý bolar, ölüsini sylan beg» diýlen pähim bar. Munuň özi pederlerimiziň edep-terbiýe jähetdenem, adamkärçilik babatda hem belent ynsanperwerligidir. Nämedir bir zadyň ýa-da kimdir biriniň hatyrasy ynsanyň köňül köşgüniň baýlygy. Bu bolsa, ýaş nesilleriň terbiýesine hem öz oňaýly täsirini ýetirýär.

Ýollar asuda — iller abadan

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda her bir raýatyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, ýaş nesliň sagdyn ösmegi ugrunda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Şol derwaýys işleriň möhüm bölegi hem olaryň saglygyny goramak maksady bilen, ýollarda howpsuzlyk düzgünleriniň doly berjaý edilmegini gazanmak bolup durýar. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän aýna ýaly giň awtoýollaryň, köprüleriň, pyýadalar üçin ýerasty we ýollaryň üstündäki ýörite geçelgeleriň gurlup ulanmaga berilmegi ulag serişdeleriniň sanynyň artýandygyna garamazdan, ýurdumyzda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek babatda oňyn şertleriň döredilýändigini aýdyň görkezýär. 2015-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda paýtagtymyzyň demirgazyk böleginde Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Awtomobil sporty merkeziniň ýanynda Çagalar awtomobil şäherjigi dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi. Paýtagtymyzyň bu künjeginde ulular we çagalar üçin awtomobil sport-okuw merkezi döredildi. Okuw merkezde ýol hereketi bilen baglanyşykly yzygiderli çäreler, bäsleşikler guramaçylykly geçirilýär. Ýol hereketiniň howpsuzlygyny kanunçylyk taýdan düzgünleşdirmek baradaky kadalar 2012-nji ýylyň 31-nji martynda kabul edilen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda öz beýanyny tapýar.

«Nusgalykdyr päk ykbaly atamyň»

Milletimiziň nesilden-nesle geçip gelýän terbiýe ulgamynyň sakasynda ulyny sylamak, oňa hormat goýmak edebi durýar. Türkmen halky asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan asylly däbe görä hemişe ýaşuly nesliň wekillerine çuňňur hormat bilen garap, olaryň baý durmuş tejribesini hem-de asylly ýörelgesini terbiýeçilik işinde giňden peýdalanyp gelipdir. Öz halkyny çäksiz söýýän, belent adamkärçilikli, açyk göwünli, bütin ykbalyny mähriban halkyna ak ýürekden hyzmat etmäge bagyşlan, türkmeniň şu günki we geljekki nesilleriniň bagtyýar durmuşynyň hatyrasyna müdimi mizemez döwlet binasyny berkarar eden Watanyň wepaly Ogly, ilhalar ynsan, Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň hormatly weterany Mälikguly Berdimuhamedowyň zähmet we durmuş ýoly bu gün bütin türkmen halky üçin görelde mekdebi bolup hyzmat edýär. Gahryman Arkadagymyz «Döwlet guşy» atly kitabynyň girişinde: «Eliňizdäki «Döwlet guşy» atly romanyň wakalary, ondaky gahrymanlaryň bitirýän nusgalyk işleri, olaryň ajaýyp ahlak sypatlary — çagalyk ýyllarymdan bäri Watanyňy, halkyňy, ata-eneňi ezizlemegiň, söýmegiň, maksada okgunlylygyň, ruhubelentligiň beýik nusgasy bolup, kalbymy heýjana salyp gelýän simfoniýadyr, köne kitaplarda aýdylyşy ýaly, sement atymdyr — ylham, hyjuw atymdyr» diýip belleýär. Mälikguly Berdimuhamedowyň tutuş ömrüni halkyna, mähriban Watanyna bagyşlamagy hemmeler üçin, aýratyn-da, Gahryman Arkadagymyzyň başyny b

Ykbalyň bagt ýyldyzy hemmelere miýesser etsin

Hamal (guzy 21.03-20.04) Geljek hepde hamallar işlerinde üstünlik gazanmak üçin täzelikleriň gözleginde bolarlar. Ýöne ähli meýilnamalaryňyzy birbada durmuşa geçirmeklige synanyşman, oýlanyşykly hereket ediň! Döreýän amatly pursatlary we işjeňligiňizi dogry peýdalansaňyz, üstünlik gazanyp bilersiňiz.

Hormatly Prezidentimiziň Kararlary durmuşa geçirilýär

Tutanýerli zähmete ruhlandyrýar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtyýar türkmen halkymyzyň her bir güni toý-baýramlara, şanly wakalara beslenýär. Şeýle toýly günlerde “Watan diňe halky bilen Watandyr!” diýip, öz halkyny bagtly durmuşda ýaşadýan hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk önümini öndürijileriň bugdaýyň, pagtanyň we gant şugundyrynyň bol hasylyny öndürmäge bolan höwesini artdyrmak, hasyllylygyň derejesini ýokarlandyrmak we hojalyklardaky mallaryň iým üpjünçiligini gowulandyrmak maksady bilen “Türkmenistanda bugdaý, pagta we gant şugundyryny öndürijileri ykdysady taýdan höweslendirmek hakynda” Karara gol çekmegi oba zähmetkeşleriniň tutanýerli işlemeklerine uly itergi berdi.

Şu günüň wajyp wakasy

Möhüm wezipeler kesgitlenildi Hormatly Prezidentimiziň halka daýanyp, halkyň hatyrasyna durmuşa geçirýän tutumly işleri netijesinde ýaş nesliň milli ruhda terbiýelenmegi, sagdyn bedenli, giň gözýetimli adamlar bolup ýetişmekleri üçin möhüm başlangyçlar durmuşa geçirilýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 31 ýyllygynyň bellenilen ýylynda Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynyň möhüm wakasy — Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň “Mekan” köşgünde geçirilen nobatdaky VII gurultaýy hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Döwlet Maslahatyna gatnaşyjynyň ýürek buýsanjy

Beýik işleriň zamanasy Türkmen halky Beýik Garaşsyzlygymyzyň öňüsyrasynda Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynyň taryhy wakasynyň şaýady boldy. Has anygyny aýtsak, şu ýylyň 23-nji sentýabrynda Arkadagly Serdarymyzyň başlyklyk etmeginde Döwlet Maslahaty geçirildi. Maslahatda hormatly Prezidentimiziň çuň manyly çykyşy oňa gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Şu ählumumy foruma gatnaşmak bagtynyň miýesser edeni üçin ykbalymdan razydyryn.

Gerimli gurluşyklaryň mekany

Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen gadymy Türkmenabat şäheriniň barha gözelleşýän keşbi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjyny goýan ýurdumyzyň sebitlerini gyradeň ösdürmek syýasatyny hormatly Prezidentimiziň mynasyp dowam etdirýändigini görkezýär. Bu syýasat milli ykdysadyýetimiziň kuwwatynyň artmagyna we döwrebaplaşdyrylmagyna, has netijeli üpjünçilik ulgamyny döretmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli ýokarlandyrmaga we halkara ölçeglerine laýyk getirmäge oňyn täsirini ýetirýär. Ýurdumyzyň içerki bazarlaryny we eksporty baýlaşdyrýan ýokary hilli önümçilikleriň döredilmegi, ilatyň durmuş-ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagy şu syýasat bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen maksatnamalaýyn esasda alnyp barylýan sebitleýin syýasat welaýatlaryň ählisi üçin deň ösüş şertlerini döredýär. Sebitleýin syýasatyň oňyn netijelerini welaýatymyzyň merkezi şäheriniň mysalynda hem synlap bolýar. Garaşsyzlyk ýyllary içinde gurlup, ulanylmaga berlen möhüm ähmiýetli desgalaryň we medeni-durmuş maksatly binalaryň birnäçesi şäherimiziň binagärlik gurluşyna ýakymly öwüşginleri çaýýar. Türkmenabat Halkara howa menziliniň binalar toplumy-da binagärligiň ajaýyp nusgalarynyň birine öwrüldi. Ýurt Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen welaýat merkezinde döwrebap awtomenzil hem ýolagçylara hyzmat e

Kalbymyzda guwanç bar

Arkadagyň mübärek gadamy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işler her bir raýaty buýsandyrýar hem-de täze ýeňişlere ruhlandyrýar. Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda her bir günümiz şatlyk-şowhuna beslenýär. Bu günki Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan ýurdumyzyň abraý-mertebesi, şan-şöhraty dünýä dolýar. Halkymyzyň döredijilikli işlemegi, zähmet çekmegi üçin ähli mümkinçilikler, şertler döredilýär. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimizde gelejegimiz bolan ýaşlaryň dünýäniň iň ösen talaplaryna laýyk gelýän derejede bilim almagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.

Farapda Afrikanyň mermer lakgasy ösdürilýär

Bu gün ilatymyzyň saçaklarynda islän zadyň bar. Dürli azyk önümleriniň bolçulygynyň döremeginde welaýatymyzyň telekeçileriniň hem paýy uly. Munuň şeýledigini ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, Farap etrabynda telekeçilik işi bilen meşgullanýan Bahramjan Reýimowyň ýola goýan balykçylyk hojalyk jemgyýetinde gazanylýan zähmet üstünlikleriniň mysalynda hem aýdyň görmek bolýar. Bir gektara barabar ýeri tutýan hususy balykçylyk hojalygynda ýörite balyk idetmäge niýetlenilen her biriniň meýdany 24 inedördül metr bolan ýörite howuzlaryň 24-si ýerleşýär. Howuzlarda eýýäm iki ýyldan bäri balygyň Afrikanyň «Mermer lakgasy» diýlip atlandyrylýan görnüşi ýetişdirilýär. Bu balyk dünýäde hem meşhurdyr. Adyndan belli bolşy ýaly, balygyň bu görnüşi tutuş Afrika yklymynda, şol sanda Saharanyň suw howdanlarynda, Iordaniýanyň derýaka suw howdanlarynda, günorta we günorta-gündogar Aziýa ýurtlarynda duş gelýär. Adatça, suwuň reňkine baglylykda mermer reňkde, çal-ýaşyl tegmilli bolýar. Bu balyklaryň esasy aýratynlyklarynyň biri-de atmosferadaky kisloroddan dem almak üçin ýörite ösen dem alyş synasynyň bolmagydyr. Munuň özi bolsa, gurakçylykda, suw ýetmezçiliginde howadaky kisloroddan dem alyp, 14 — 47 sagada çenli ýaşamagyna mümkinçilik berýär. Afrikanyň mermer lakgalary 170 santimetre çenli ulalyp, 60 kilograma ýetip bilýär. Balyklaryň ortaça ömrüniň dowamlylygy 8 ýyldyr. Ba