"Rysgal" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi
Salgysy: Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 174
Telefon belgileri:21-23-57

Habarlar

Ýaşyl dünýäniň güni

Gadyrly çagalar, her ýylyň 5-nji iýunynda ýurdumyzda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni giňden bellenilip geçilýär. Bu sene 1972-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan döredilip, şondan bäri hem oňa agza ýurtlarda, guramalarda bellenilýär. Ol dünýä jemgyýetçiligini häzirki döwrüň ählumumy meselelerini çözmekde tagallalary birleşdirmäge çagyrýar. Hawa, häzirki döwürde Türkmenistanyň Milli strategiýasynda we Milli tokaý maksatnamasynda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, gözel tebigaty aýawly saklamak boýunça döwlet tarapyndan maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar. Şol işleriň netijesinde Aşgabat we Arkadag şäherleriniň daş-töwereklerinde, welaýatlarda tokaý zolaklarynyň çäkleri barha giňelýär. Hazar deňziniň tämiz howaly kenarynda döredilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda raýatlarymyzyň we daşary ýurtly myhmanlaryň dynç almagy, bu ýeriň özboluşly tebigy aýratynlyklary bilen tanyşmagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Garagumuň jümmüşinde döredilen «Altyn asyr» Türkmen köli Garagum sährasynyň ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmaga, tutuş sebitiň ekologik ýagdaýyny gowulandyrmaga oňaýly täsirini ýetirýär.

Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwreliň!

Mukaddes borç Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň gözel tebigatyny hem-de daşky gurşawy goramak Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimiziň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ata Watanymyzda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, milli hem-de global möçberlerde etraplaryň, şäherleriň we obalaryň töwereginde gök guşaklar döredilip, bagy-bossanlyga öwrülýär.

Gözel türkmen tebigaty

Türki medeniýetiň halkara guramasy TÜRKSOÝ-yň Änew şäherini 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýip yglan etmegi mynasybetli 26-njy martda Ahal welaýatynyň Nowruz ýaýlasyndaky «Türkmeniň ak öýi» binasynda bolan medeni çärelere badalga beriş dabarasynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyny halkymyza peşgeş bermegi hemmeleri buýsandyran şatlykly waka boldy. Sebäbi Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilen ýylynda türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilen bu kitapda türkmenleriň hiç mahal gaýtalap döredip bolmajak medeni, edebi, taryhy gymmatlyklaryň ençemesini dünýä beren milletdigi anyk taryhy, arheologiki maglumatlaryň üsti bilen beýan edilýär. Änewiň ekerançylygyň ilkinji ýüze çykan künjekleriniň biridigi, ak bugdaýyň watanydygy, keramika, mozaika sungatynyň ösen, mis we demir gurallaryň ýasalyp ugran ýeridigi hakyndaky, şeýle hem häzirki döwürdäki gülläp ösüşleri baradaky anyk maglumatlar bolsa hemişelik Bitarap döwletimize bolan kalp guwanjymyzy Jeýhun deýin joşdurýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sözbaşydan, girişden, «Gadymy Änewiň täsinligi», «Taryhy birleşdirýän uly wakalar», «Ahal ýaýlasynda gadymy Änewiň şöhratly ýoly dowamata uzaýar» atly üç bapdan we «Rowaýata öwrülen geçmiş», «Gatar — Bagabat — Änew», «Gadymy Änew medeniýeti», «Änewiň arheologik depeleri

Tebigat biziň öýümiz

Ýakynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe bagyşlanyp, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň (TAP) Lebap welaýat komitetiniň, Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň, Lebap welaýat Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň we Lebap welaýat kitaphanasynyň bilelikde guramaklarynda welaýat kitaphanasynda «Tebigat biziň öýümiz» atly maslahat geçirildi. Oňa Agrar partiýanyň welaýat, etrap komitetleriniň jogapkär işgärleri, işjeň partiýa agzalary, Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň, Repetek biosfera döwlet tebigy goraghanasynyň ylmy işgärleri, kitaphanaçylar we Türkmenabadyň agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary, talyp ýaşlary gatnaşdylar. Maslahatda «Altyn asyr» Türkmen kölünde, Daşoguz welaýatynyň çägindäki Bötendag belentliginde ekilen ençeme müň gektar sazak tokaýlygy, her ýylyň ýazky, güýzki bag ekmek dabaralary, Hazaryň biodürlüligini goramakda, bu mekany dynç alyş merkezine öwürmekde amala aşyrylan netijeli işler hakynda täsirli çykyşlar diňlenildi.

Gyzyl kitabynyň täze neşiri çapdan çykdy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda halkymyzyň durmuşynyň her bir güni şatlykly wakalara beslenip, ildeşlerimiziň eziz Watanymyza, Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan buýsanjyny has-da artdyrýar. 5-nji iýunda bellenilip geçilen Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe gabatlanyp, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 4-nji neşiriniň çap edilmegi şeýle wakalaryň biri boldy. Gyzyl kitap ýurdumyzda daşky gurşawy gorap saklamak babatda uly ähmiýete eýe bolup, Türkmenistanyň özboluşly tebigatyny goramaga, baýlaşdyrmaga, tebigy baýlyklary ylmy taýdan düýpli öwrenmäge hem-de ekologik abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilendir we ýurdumyzyň ösümlik, haýwanat dünýäsi baradaky gymmatly ylmy işdir.

Tebigaty goramak boýunça halkara tagallalary birleşdirip

5-nji iýunda Oba hojalyk toplumynyň edara binasynyň mejlisler zalynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe bagyşlanyp, «Türkmenistan — ekologiýa abadançylygynyň mekany» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Her ýyl geçirilýän forumyň ekologiýa ulgamynda gazanylanlary we türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda dowam etdirilýän döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilişi bilen tanyşmaga mümkinçilik döredýändigini bellemek gerek.

SÄHRA, BAÝYRDYR ÝAÝLASY

Musa pygamberiň maly hasaplanylýan goýun janawar: «Ýaýlam giň, çopanym galjaň, taýagam taldan bolsun!» diýip aýdanmyş. Gözüňe söweýin, türkmen ýurdunyň sährasam, gumy-çölem, baýyrdyr gyram giden bir ýaýla. Özem hersi bir-birinden üýtgeşik. Ynha, aňyrsy gazak sähralaryna sepleşip gidýän Üstýurt taraplara barsaň, ýaýla irimçik çägeli, gyrçagyllaç. Onsoň göwnüňe bu sährada ot-çöp gyt bolaýjak ýaly, ýöne bahary Ahal, Mary töwereklerinden bir aýgijräk gelse-de, apreliň ortalarynda gyr üstüniň kyrk dürli ot-çöpi parç bolup oturandyr. Gyrlaç bolansoň, gögerýän giýä-çöp hem iribaldak. Şorumtyk otdan doýan düýäniň çaly zor, içseň seriňi sämediberýär. Goýun-geçisi hem çäge-çölde gezýänden üýtgeşik, bu ýaýlada mala sakyrtga degjek gümany ýok. Mundan tas bir asyr ozal gazylan guýularynyň suwam şorumtyk. Çopan-çolugyny gürletseň: «Tekiz ýerde, gum depeleriniň arasynda bakylýan dowar sürüsi sakyrtgalasa, gyr üstündäki guýynyň suwundan bir ganýar welin, sakyrtgasy döküläýýär» diýýärler.

Türkmen te­bi­gat­ynyň te­bi­gy­lygy

«7/24. tm» №24 (211), 10.06.2024 Türk­men hal­ky ir­ki dö­wür­ler­den bä­ri te­bi­gat bi­len saz­la­şyk­da ýa­şap, te­bi­ga­ta ýa­kyn du­ran, ony ýa­şaý­şyň çeş­me­si ha­sap­lan halk­dyr. Te­bi­gat­da te­bi­gy­lyk bar. On­da hiç zat ýa­sa­ma däl. Te­bi­ga­tyň bu aý­ra­tyn­ly­gy hal­ky­my­zyň süň­ňü­ne, me­de­ni­ýe­ti­ne, ru­hy dün­ýä­si­ne si­ňip gi­dip­dir. Top­rak ýa­ly sa­ha­wat­ly hal­ky­myz ga­dy­my­ýet­den bä­ri te­bi­gat bi­len saz­la­şyk­da ýa­şa­ma­gyň ýö­rel­ge­le­ri­ni ke­ma­la ge­ti­rip­dir­ler. Asyr­la­ryň do­wa­myn­da kä­mil­le­şen bu yn­san­per­wer däp­ler hä­zir­ki wagt­da tä­ze­çe maz­mun bi­len baý­la­şyp, tä­ze­çe rö­wü­şe eýe bol­ýar.

Daş­ky gur­şa­wy go­ra­ma­gyň bü­tin­dün­ýä gü­ni

«7/24. tm» №24 (211), 10.06.2024 Eko­lo­gi­ýa me­se­le­le­ri, daş­ky gur­şa­wy ýa­ra­maz tä­sir­ler­den go­ra­mak bu gün tu­tuş dün­ýä­de mö­hüm we­zi­pe­le­riň bi­ri­ne öw­rül­di. Türk­me­nis­tan döw­le­ti­mi­ziň te­bi­gy baý­lyk­la­ry­ny we gö­zel­li­gi­ni go­ra­mak, bu gym­mat­ly baý­ly­gy gel­jek­ki ne­sil­le­re ýe­tir­mek Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň ýö­red­ýän döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Ýurt Baş­tu­ta­ny­my­zyň taý­syz ta­gal­la­sy bi­len daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak, çog­ly Gü­ne­şe baý top­ra­gy­my­zyň köpdür­li öwüş­gin­li te­bi­ga­ty­ny go­ra­mak, ýe­rüs­ti we ýe­ras­ty baý­lyk­la­ry­my­zy aýaw­ly sak­la­mak we ne­ti­je­li peý­da­lan­mak ba­bat­da uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.

Tebigat — melhemler hazynasy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW: — Tebigata aýawly we hakyky eýeçilik gözi bilen garamak biziň ählimiziň mukaddes borjumyzdyr. Tebigat baradaky alada ähli halkyň aladasydyr. Türkmenistanyň her bir ýaşaýjysy tebigy baýlyklarymyzy gözüniň göreji deýin gorap saklamalydyr.

Bir nahal ekseň, ýaşyň baky

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan toplumlaýyn we uzakmöhletleýin ekologiýa syýasaty türkmen jemgyýetiniň ösüşini tebigy gurşawyň ösüşi bilen sazlaşykly alyp barmaga, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny gazanmaga gönükdirilendir. Bu babatda ýurdumyzda möhüm kanunçylyk binýady hem döredildi. Olaryň arasynda «Türkmenistanyň milli tokaý maksatnamasy» aýratyn orunda durýar. Bu möhüm maksatnama howanyň üýtgemegi bilen baglylykda işlenilip düzülen milli strategiýanyň düzüm bölegi bolup, onda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň, howanyň üýtgemeginiň täsirine durnuklylygy ýokarlandyrmak boýunça geçirilmeli çäreleriň uly toplumy bellenilendir. Şeýle-de maksatnamada beýleki çäreler bilen bir hatarda aýratyn goralýan tebigy ýerleriň ulgamyny giňeltmek, çölleri tokaýlaşdyrmak, ekerançylyk meýdanlarynyň daş-töwereginde gorag-tokaý zolaklaryny döretmek, gülleri we bezeg agaçlaryny ösdürmek, tokaý goragyny we gözegçiligini netijeli, maksada laýyk ýerine ýetirmek ýaly möhüm işler göz öňünde tutulandyr. Şeýle çäreleri üstünlikli durmuşa geçirmäge biziň goraghanamyzyň başarjaň we agzybir hünärmenleri hem netijeli gatnaşýarlar.

Geçiguşlar

Güneşli ýurdumyzyň ähli ýerinde serçeler maşgalasyndan bolan geçiguşlara duş gelmek bolýar. Geçiguşlar, köplenç, çopan goşlarynyň golaýynda, adamlaryň mesgen tutunan ýerleriniň töwereginde ýaşaýarlar. Geçiguşlaryň dürli görnüşleri bolup, olaryň biziň sähralarymyzda ýaşaýanlarynyň köpüsiniň ganatlarynyň hem-de garnynyň aşagyndaky perleri agymtyl ýa-da sarymtyl, ganatlarynyň üsti bolsa gögümtil mele öwüsýär. Olaryň agramy, köplenç, 25 gramdan, göwresiniň uzynlygy bolsa 15 santimetrden geçmeýär. Geçiguşlar örän duýgur bolýarlar. Ýaz ekişiniň öň ýanynda ekin ekiljek ýerleriň sürülmegi, ýagny, topragyň üstki gatynyň agdarylmagy olar üçin iýmit bolçulygyny döredýär. Olar, esasan, ösümliklere zyýan berýän mör-möjekler bilen iýmitlenýärler. Göwreleriniň kiçidigine garamazdan, geçiguşlar iýmiti örän köp möçberde kabul edýärler. Şol sebäpli oba hojalyk işgärleri, bagbanlar olary özleriniň ýardamçylary hasaplapdyrlar.

Haýwanat dünýäsinden

Bir günde 20 sagat uklaýan arslanlar diňe ajygan wagtlary awa çykýarlar. Şeýle hem olar öz çagalary bilen birlikde başga haýwanlaryň çagalaryny-da mähir bilen emdirýärler. ***

Horazyň hilesi

Arada goraghanamyza degişli Gabakly meýdançasyndaky tokaýlyklara we Amyderýanyň kenarlaryna möwsümleýin uçup gelen guşlaryň görnüşlerini anyklamak üçin üç günlük iş saparyna gitdim. Derýanyň kenaryna çykmak üçin gür tokaýlygyň içinden geçýän ýodajyk bilen ýöräp barşyma haýwanlary gorkuzmazlyk üçin örän ýuwaşlyk bilen ädimledim. Ýöne şonda-da akganat daşdeşen toraňňynyň guran şahalaryna uçup-gonup, çirkin ses edip, tokaýa kesekiniň girendigini beýlekilere habar berdi. Takmynan, ýigrimi ädim ýöränimden soň, bäş metr çemesi çep tarapymda amyderýa sülgüniniň horazy meni görüp, jok-joklap ses etdi. Men hereket etmän, horaz tarapa seretdim. Horaz duran ýerinde gygyrdy we ganatlaryny pasyrdatdy, ynjalyksyzlandy. Men ýodajyk bilen öz ugruma ýöräp başlan mahalym horaz ýene ses etdi. Horazyň hereketleri adatdakysyndan üýtgeşik görneni üçin ol tarapa ugrumy üýtgetdim we ýöräp başladym. Ol azajyk ýöräp, ganatlaryny ýaýdy we ýere ýapyryldy, aýaklaryny howada hereketlendirdi. Horaz ýaralanandyr öýdüp, kömek bermek üçin ýakynrak bardym. Ol bolsa ýerinden turup, ýene dört-bäş metr çemesi ýöräp, ýene saklandy-da, maňa bakan seretdi. Menem onuň yzyna düşüp gidiberdim. Çöp-çalamlaryň içinde esli ýol geçenimizden soň, horaz pasyrdap uçup, toraňňylyklaryň içinde gaýyp boldy. Sülgüniň horazynyň bu hereketleri barada pikirlenip, ýodajykdan sowlan ýerime geldim, daş-töweregime ünsli göz aýladym. Siňe

Täsin ukybyň eýeleri

Bu ýerde gürrüň uzynganatlylar hakda barýar. Alymlar olaryň on aýlap ýere gonman uçup bilýändiklerini anykladylar. Munuň üçin bu guşlaryň birnäçesine ýörite enjamlar oturdyldy. Uzynganatlylaryň agramy 10-dan 200 grama, göwreleriniň uzynlygy bolsa 18 santimetre çenli bolýar. Bu guşlaryň ähli görnüşi biri-birine meňzeş bolup, olaryň dykyz we süýnmek göwreleri howanyň akymynyň garşylygyny aňsatlyk bilen ýeňip geçýärler. Olaryň ganatlary gylyç şekilli, çüňkleri bolsa ýasy bolýar. Bu guşlar dünýäniň köp ýerinde duşýarlar.

Gözel tebigat, abadan durmuş wasp edildi

Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli welaýat kitaphanasynyň mejlisler jaýynda welaýat häkimliginiň, welaýat daşky  gurşawy goramak müdirliginiň,  Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň welaýat  komitetiniň bilelikde guramaklarynda geçirilen çärä Hazar ekologiýa gözegçilik gullugynyň, Hazar hem-de Sünt-Hasardag döwlet tebigy goraghanalarynyň, welaýat tokaý hojalygynyň hünärmenleri, Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň welaýat bölüminiň işjeň agzalary, edara-kärhanalaryň işgärleri, ýaşuly nesliň wekilleri,  talyplar gatnaşdylar. Onda çykyş edenler döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrülen daşky gurşawy goramak boýunça alnyp barylýan işleriň ýurdumyzyň has-da gözelleşmegine ýardam berip, tebigy baýlyklarymyzyň artmagyna getirýändigini aýratyn nygtadylar. Ata Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar. Soňra edara-kärhanalarda ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän işleri durmuşa geçirmekde şahsy zähmeti bilen tapawutlanyp, görelde görkezýän işgärlere Hormat hatlary, ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Tebigat — biziň öýümiz

DAŞKY GURŞAWYŇ ÝAŞAÝYŞ BILEN SAZLAŞYGY “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ata-babalarymyzyň durmuş kadasyna öwrülen tebigat bilen sazlaşykda ýaşamak ýörelgesi Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, daş-töweregimizi sagdynlaşdyrmak we ýaş nesli tebigata söýgi, hormat ruhunda terbiýelemek, jemgyýetimiziň ekologiýa medeniýetini ýokarlandyrmak babatda alnyp barylýan toplumlaýyn işlerde öz beýanyny tapýar.

Tebigaty goralyň!

Daşky gurşawy goramak, tebigatdan we onuň baýlyklaryndan netijeli peýdalanmak, şeýle-de onuň görnüşlerini köpeltmek ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Howanyň yssy günleriniň gelmegi bilen baglylykda, ýaşyl dona beslenen gözel tebigatymyzy ýangyndan goramak möhüm şertleriň biri bolup durýar. Howanyň gyzmagy bilen meýdandaky ot-çöpler gurap başlaýar. Bu bolsa, tebigatda ýangyn ýüze çykmak howpy döredýär. Şoňa görä-de, gözel tebigatymyzda adamlaryň köpçülikleýin dynç alynýan ýerlerinde ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmek, ýangynyň döremeginiň öňüni almak wajyp wezipedir.

Eziz Watanymyzyň gözel tebigaty

Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan döredilip, dünýä jemgyýetçiligini häzirki döwrüň ählumumy meselelerini çözmekde tagallalary birleşdirmäge çagyrýar. Munuň özi her bir adama tebigata aýawly garamagyň zerurdygy barada pikirlenmäge, şeýle hem geljekki nesilleriň bähbidine onuň gözelligini we baýlyklaryny gorap saklamaga mümkinçilik döredýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda giň gerimde bellenilýän Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ýurdumyzda dabaralar geçirilýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde döwletimiz tarapyndan maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar.

Daşky gurşawyň goragynda

Her ýylyň 5-nji iýunynda bellenilýän Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni hem şanly ýyla gabat geldi. Mähriban Diýarymyzyň tebigatyny we haýwanat dünýäsini aýawly saklap, ony bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijesinde gysga wagtyň içinde eziz Watanymyzyň ähli künjeginde, aýratyn-da, paýtagtymyzyň we Arkadag şäheriniň golaýyndaky dag eteklerinde müňlerçe gektary tutýan tokaý zolaklary döredilip, amatly howa gurşawy emele getirildi. Mälim bolşy ýaly, suw serişdeleriniň rejeli we tygşytly peýdalanylmagy durmuş hem-de ekologik abadançylygy üpjün etmek, ykdysady ösüşi gazanmak, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek babatda möhüm ähmiýete eýedir. Şol maksat esasynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Ýaşlyk şäherçesinde, paýtagtymyzda «Bagtyýarlyk» agyz suwuny arassalaýjy desgalaryň açylyş dabaralary boldy.