''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Ýurdy goran doganlar

(Myrat we Tirkiş Rejepowlar hakynda kyssa) Geçen asyryň 1941 — 1945-nji ýyllaryndaky uruş adamzat üçin iň bir aýylganç, ýowuz nägehanlaryň biri bolup, goja taryhyň gatlaryna girdi. Ol ynsanlaryň ýüregini lerzana getirip, kalplaryna müdimilik tagmasyny basdy.

Eli melhem edermen

Görnükli lukman zenan Saçly Dursunowa 1918-nji ýylda Büzmeýinde dünýä inýär. Ol dogany Çeper bilen çagalykdan ene-atadan jyda düşýär we Aşgabadyň Ene Kuliýewa adyndaky çagalar öýünde terbiýelenýär. Çagalykdan derslerine göreldeli ýetişýän, adamlara mydam kömek bermäge ymtylýan şol gulpajykly gyzjagaz 1932-nji ýylda lukmançylyk tehnikumyna okuwa girýär. Okuwyna höwesli, erjel ýapyşyp, ony 1936-njy ýylda tapawutlanan diplom bilen tamamlaýar. Şol ýyl hem saýlap alan kärini has-da çuňlaşdyryp öwrenmek maksady bilen şol wagtky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk institutyna okuwa girýär. Saçly Dursunowa talyplyk döwründe gündizine okuwlaryny okap, gijelerine hassahanalarda işläp, iş tejribesini artdyrypdyr we 1941-nji ýylda okuwyny üstünlikli tamamlaýar. Emma durmuş hemişe ynsanyň isleýşi ýaly bolmaýar. 1941-nji ýylda nägehan urşuň başlanmagy bilen, Saçly hem fronta meýletinlik bilen gidýär. Ol 62-nji atyjylyk diwiziýasynyň 534-nji lukmançylyk sanitar batalýonynda ordinator-lukman bolup, harby gulluga başlaýar. Saçly Dursunowa Beýik Ýeňşiň gazanylmagyna uly goşandyny goşan türkmen lukman gyzydyr.

Ebedi sarpa

Gözel KEKILOWA, Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň mugallymy, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty: — Biz maşgalada üç gyz dogandyk: Jeren, Gülnar we men. Gynansagam, iň ulymyz Jeren häzir aramyzda ýok. Ýogsa hut şol kakamyň kesbini dowam edipdi, ol hünäri boýunça-da, zandy babatda hem filologdy.

«Esgeriň ýoly» ýa-da depderdäki ýatlamalar

Daşynda «Esgeriň ýoly» ýazgyly dört sany depderi mähriban käbämiň okaýan kitaplarynyň arasynda aýratyn aýawly saklanmagy olaryň ýokary gymmatynyň bardygyny mälim edýär. Ejem bu depderleri tekjäniň iň görnükli ýerinde goýup, olar barada gyzyklanan adamlara: «Bu depderlerde kakam Annadurdy Annaýewiň uruş ýyllary baradaky ýatlamalarynyň ýazgysy bar» diýip, uly buýsanç bilen gürrüň berýär. Näçe aýawly saklansa-da, depderleriň könelişendigini, olaryň ir wagtlara degişlidigini bilip bolýar. Depderleriň mazmunynda şeýle ýatlamalar bar: «1939-njy ýyl. Men şol döwür mekdepde mugallym bolup işläp, obamyzdaky çagalara bilim we terbiýe berýärdim. Günde işden gelenimden soň, gazet-žurnallardaky täzeliklere göz aýlap, jaýymyzyň penjiresinden köçede gaýgy-gamsyz oýnap ýören çagalary, agaçlaryň şahalarynda jürküldeşýän guşlary, şahalaryny aşak egip, miwelerini güjeňleýän baglary synlap, durmuşyň gözelligine guwanýardym. Ine, birden urşuň başlanandygy baradaky habar halkymyzyň rahatlygyny sogrup alan ýaly etdi. Erkek adamlar her gün diýen ýaly fronta ugradylýardy. Tejribeli mugallymlaryň käbiri fronta ugradylman, 7 — 10-njy synpda okaýan gyzlara başlangyç synpda okaýan okuwçylary okatmagy öwretmek tabşyrylypdy. Şeýle-de oba hojalygynda, zawod-fabriklerde erkekleri

Muhammet al-Horezmi — gündogaryň danasy

Asyrlaryň jümmüşine ser salyp, Ýewropa bilen Aziýanyň, Günbatar bilen Gündogaryň söwda gatnaşyklarynyň ençeme müňýyllyklaryň dowamynda Beýik Ýüpek ýolunyň üsti bilen amala aşyrylandygyna Gündogar halklarynyň akyldarlarynyň ylmy açyşlary, pikir-garaýyşlary şaýatlyk edýär. Ähli döwürlerde hem halky yzyna düşürmegi, ynandyrmagy, dogry ýola gönükdirmegi başaran şahsyýetler bolupdyr. Gadym döwürlerde-de beýleki ylymlar bilen bir hatarda, matematika ylmy hem ösüpdir. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz «Muhammet Horezminiň, Abu Nasr Farabynyň, Abu Reýhan Biruniniň, Ibn Sinanyň, Mahmyt Kaşgarlynyň ynsan nesliniň beýik geçmişinden söhbet açýan taryhy, ylmy kitaplary dünýä medeniýetiniň altyn hazynasynda mynasyp orun eýeleýär. Olaryň saldamly işleri türkmen ylmyny belent derejelere göterdi» diýip belleýär. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary esasynda Gündogar ylmynyň taryhda öçmejek yz goýan, döredip ýaşan şahsyýetleriniň giňişleýin öwrenilmegi aýratyn buýsandyryjydyr.

Geçmişiň ýaňy — geljege şamçyrag

Halypa geolog

Ömrüni ylma bagyşlan, ýurdumyzda tanymal geologlaryň biri, geomorfolog, geografiýa ylymlarynyň kandidaty Hommat Durdyýew şu ýyl 90 ýaşyny toýlaýar. Ol 1934-nji ýylyň 5-nji maýynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde eneden dogulýar. 1947-nji ýylda Aşgabat şäheriniň 1-nji Pedagogiki uçilişesine okuwa girýär. 1948-nji ýylda Aşgabat ýertitremesi netijesinde ol beýleki talyplar bilen birlikde Türkmenbaşy şäheriniň 6-njy Pedagogiki uçilişesine geçirilýär we bu uçilişäni 1951-nji ýylda tamamlaýar. 1953-nji ýyla çenli Gökdepe şäherçesiniň 1-nji orta mekdebinde mugallym bolup işleýär. Bilim almaklyga bolan höwesi 1953-nji ýylda Türkmen döwlet uniwersitetiniň geologiýa-geografiýa fakultetine okuwa girmegine sebäp bolýar. 1958-nji ýylda uniwersiteti tamamlap, ýaş hünärmen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Geologiýa institutynda öz ylmy ýoluna başlaýar. Ylym ýolunda görkezen başarnyklary ony 1961—1964-nji ýyllarda aspiranturada okamagyna iterýär. 1970-nji ýylda halypa geolog ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesini almak üçin dissertasiýa goraýar.

Çagry beg

Seljuklar Horasanyň halkyny bir ýyllap salgytlardan boşadypdyrlar (Yasemin Akyol. Büyük Selçuklu devleti’nin Doğu politikasi. Yüksek lisans tezi. – Konya, 2013. – 25 s.). Çagry we Togrul begiň ady bilen yslam dünýäsinde Seljuk döwri başlandy (S.Koca. Sir Derya (Ceyhun) boylarından Anadolu’ya: Oğuzlar (Türkmenler) // Genel Türk tarihi. – Ankara, 2002, 3 cilt, – 79 s.). Gurultaýda Çagry begiň goşuny bilen Balh we Toharystan etraplaryny hem-de elden giderilen beýleki etraplary eýelemelidigi karar alnypdyr. Seljuklaryň gurultaýda alan kararlary olaryň indi gaznalylardan çekinmeýändiklerini, syýasy güýç hökmünde dessine täze ýerleri eýelemäge girişendiklerini aňladýar (Piyadeoğlu Cihan. Selçukluların Kuruluş Hikâyesi. Çağrı Bey, Timaş yay., – İstanbul. 2014. – 89-90 s.). Daňdanakan söweşinden, takmynan, bir aý geçensoň (Yasemin Akyol. Büyük Selçuklu devleti’nin Doğu politikasi. Yüksek lisans tezi. – Konya, 2013. – 1, 25 s.) seljuk begleri Merwde uly gurultaýa ýygnanypdyrlar. Taryhçy Faruk Sümeriň nygtaýşy ýaly: «Seljuklaryň geçiren gurultaýlarynda edilen gürrüňler öz akylly pikirleri, batyrgaýlygy, güýç-kuwwaty bilen seljuklary kimiň ugrukdyrandygyny, jahana häkim bolmak maksadynyň döremeginde kimiň baş roly oýnajak

Amul galasy ylmy jemgyýetçiligiň nazarynda

Müňýyllyklaryň syrlaryny saklaýan taryhy-medeni ýadygärliklere baý bolan türkmen topragy bütindünýä ylmy jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär. 26-njy aprelde «Beýik Ýüpek ýoly: Zerewşan — Garagum geçelgesiniň» çägindäki Amul galasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli geçirilen «Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahat hem munuň nobatdaky subutnamasy boldy. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň hem-de Lebap welaýat häkimliginiň bilelikde guramagynda geçirilen ylmy-amaly maslahat hormatly Prezidentimiziň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagynyň okalmagy bilen açyldy. Forumda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalarynyň netijesinde taryhy ýadygärliklerimizi aýawly saklamak, milli mirasymyzy, däp-dessurlarymyzy ylmy taýdan öwrenmek ony asyl durkunda we geljekki nesillere ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hem giňişleýin söhbet etdiler.

Watansöýüjilige ýugrulan eser

Hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyndaky «Bilýäniňi paýlaşdygyňça, bilelikde baýlaşýarsyň» diýen sözleri okyjylaryň kalbyna täsir edýär. Munuň şeýledigine ýaşlarymyz bu ajaýyp kitap mynasybetli guran söhbetdeşligimizde has-da anyk göz ýetirdiler. Söhbetdeşlige gatnaşanlar kitabyň mazmuny barada örän täsirli gürrüň etdiler. Çykyşlarda aýdylyşy ýaly, gadymy Änew adamzat taryhyndaky möhüm merkezleriň biridir. Änew şäheri diňe bir taryhy bilen däl, eýsem, şu günki ajaýyplygy we uzak geljege gönügen ösüşli beýik maksatlary bilenem dünýäniň ünsüni özüne çekýär. Döwlet Baştutanymyzyň bu eseri gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegine bagyşlanýar. TÜRKSOÝ-yň hemişelik geňeşiniň mejlisinde kabul edilen bu çözgüt Watanymyzyň belent halkara abraýa eýediginiň, türkmen halkynyň umumadamzat medeniýetiniň ösüşine goşan uly goşandynyň bütin dünýäde ykrar edilýändiginiň aýdyň güwäsidir.

Änewli ägirtler

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:— Magtymguly Pyragynyň şahyrana dünýäsinden täsirlenip, çuň manyly şygyrlary döreden birnäçe arkaçly şahyrlar meşhurdyr. Durdy bagşy, Zahydy, Ysmaýyl ýaly şahyrlaryň şygyrlary il içinde dilden-dile geçipdir. XIX asyryň başlarynda Änewde dünýä inen Dostmämmet şahyryň goşgulary halk içinde aýdym edilip aýdylypdyr. Taryhy maglumatlardan belli bolşy ýaly, XIX asyrdaky Änew halkynyň ýaşaýyş-durmuşy, edil XVIII asyr ýaly, çylşyrymly, galagoply we gapma-garşylykly döwür bolupdyr.

«Güneşde» işler sazlaşykly barýar

«Güneş» daýhan birleşigi Halaç etrabynda öňdebaryjy hojalyklaryň hatarynda tanalýar. Hojalygyň babadaýhanlary ekinden-toprakdan bol hasyl ýygnamagy başarýarlar. Olar ýurdumyzyň dänä bolan islegini üpjün etmäge her ýyl saldamly goşant goşýarlar. Şu ýyl hem daýhanlar bugdaýdan bol hasyl ýygnajakdyklaryny ynam bilen aýdýarlar. — Hormatly Prezidentimiziň azyk bolçulygyny üpjün etmeklige gönükdirilen döwlet maksatnamalaryny üstünlikli berjaý etmek ugrunda babadaýhanlarymyz yhlas bilen zähmet çekýärler. Döwlet Baştutanymyzyň bugdaý, pagta hasylynyň döwlet satyn alyş bahalaryny ýokarlandyrmak hakyndaky we oba hojalyk pudagyny özgertmäge degişli kabul eden Kararlary daýhanlary has-da yhlasly zähmet çekmäge ruhlandyrdy — diýip, daýhan birleşiginde hasabat işleri bilen meşgullanýan Ýolbars Jumanazarow aýdýar. Ýolbars ozal birnäçe ýylyň dowamynda şu daýhan birleşigine ýolbaşçylyk edipdir. Şol ýyllarda ol hojalygyň gazanýan ýokary netijeleri bilen baglanyşykly welaýat häkimliginiň sylaglaryna hem mynasyp bolupdyr. Ol bu hojalygyň işlerine belet. Ýaşlaryň birnäçesine öz iş tejribelerini hem öwredipdir. Häzirki wagtda hem olara işe dahylly gymmatly maslahatlaryny berip durýar.

Gadymy şähere täze ömür bagyşlanýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ata Watanymyz, şol sanda biziň welaýatymyz halkara derejesindäki maslahatlaryň, sammitleriň, dabaralaryň geçirilýän mekanyna öwrüldi. Ynha, geçen hepdede Türkmenabat şäherinde geçirilen «Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahat hem dünýä ähmiýetli çäreleriň biri boldy. ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň, ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň, welaýat häkimliginiň bilelikde guran maslahatyna Russiýa Federasiýasyndan, Beýik Britaniýadan, Merkezi Aziýa döwletlerinden alym-arheologlar, mirasy öwrenijiler gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyjy esasynda Lebap topragynda geçirilen maslahata halkara derejesinde şeýle uly ähmiýet berilmegi ýöne ýere däl. Çünki häzirki wagtda tutuş dünýäde, şol sanda biziň ýurdumyzda müňýyllyklardan gözbaş alýan maddy we ruhy mirasy çuňňur öwrenmäge, gorap saklamaga uly üns berilýär. Gadymy Amul şäheri hem geçmişde diňe sebitiň däl, eýsem, umumadamzat medeniýetiniň pajarlap ösmegine saldamly goşant goşan mekandyr.

Albert BURHANOW, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Dünýä medeniýeti institutynyň professory:

— Türkmenistan ýüregimde ýaşaýar Bu taryhy şöhratly, şu güni şanly toprakda ýene bir ýola myhman bolmak meniň üçin belent mertebe. Men Türkmenistana her gezek uly höwes bilen gelýärin. Çünki ykbalym, ylym ýolum bu toprak we onuň şanly taryhy bilen aýrylmaz bagly. Şonuň üçin hem gadymy Amul galasy bilen bagly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşmaga çakylyk alan günümden bäri begenjim gursagyma syganok.

Halkara maslahatyna gatnaşyjylara söz berýäris

25-26-njy aprelde Türkmenabat şäherinde geçirilen halkara ylmy-amaly maslahata türkmenistanly we daşary ýurtly alym-arheologlar, mirasy öwrenijiler, bilermenler gatnaşdylar. Olar şu taryhy forumyň özlerinde galdyran täsirleri, geljekde meýilleşdirýän işleri barada şeýle gürrüň berýärler. Jumanazar HOJABERDIÝEW,

Geçmişi şöhratly, şu güni şuglaly

Türkmenabat şäherinde geçirilen «Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahat ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň öňe süren başlangyjynyň miwesi. Biz maslahatyň çäklerinde bu toparyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rüstemowa bilen söhbetdeş bolduk. Söhbetdeşligimiz bu taryhy ýadygärligiň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi, bu ýerde alnyp barlan we geljekde göz öňünde tutulýan işler, şeýle hem halkara maslahatyň ähmiýeti barada boldy. — Çynar Täjiýewna, siziň durmuş we zähmet ýoluňyzyň bir bölegi Türkmenabat şäheri we onuň çägindäki taryhy ýadygärlikler, şol sanda, Amul galasy bilen hem bagly. Gadymy galanyň bu günki gün ÝUNESKO-nyň abraýly sanawyna goşulmagyny ýaşlyk arzuwlaryňyzyň wysaly hasaplap bilerismi?

Amul — taryhyň syrly sahypasy

Geçen hepdede Türkmenabat şäherinde geçirilen «Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahat şäheriň taryhynyň öwrenilişinde täze basgançak boldy. Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen şöhratly taryhymyzyň düýpli öwrenilmegine giň mümkinçilikler döredilýär. Milli Liderimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda bellenilişi ýaly, gadymy Amul Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen möhüm medeni merkez bolupdyr. Amul şäheriniň 2 müň ýyldan gowrak taryhy bar. Dogrudan-da, biziň eýýamymyzdan öň 145—86-njy ýyllarda ýaşan, «hytaýly Gerodot» adyna eýe bolan Syma Sýanyň köp jiltli «Şi szi» (Taryhy ýazgylar) kitabynda Amul şäheri ilkinji gezek ýatlanylýar. Özbek alymy Ş.S.Kamaliddinowyň tassyklaýşyna görä, gadymy Hytaý çeşmelerindäki Mu şäheri Amul bolmaly.

Be­ýik geç­mi­şi­mi­ziň wasp­na­ma­sy

«7/24. tm» №18 (205), 29.04.2024 Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly­nyň şan­ly wa­ka­sy­na öw­rü­len çuň ma­ny­ly pi­kir­le­re hem-de gym­mat­ly yl­my tag­ly­mat­la­ra ýug­ru­lan, dö­wür­le­riň ara­bag­la­ny­şy­gy­ny şöh­le­len­dir­ýän «Änew — müň­ýyl­lyk­lar­dan göz­baş al­ýan me­de­ni­ýet» at­ly tä­ze ki­ta­by­nyň türk­men, iň­lis, rus dil­le­rin­de ne­şir edil­me­gi­niň uly ta­ry­hy äh­mi­ýe­ti bar­dyr. Änew şä­he­ri­niň 2024-nji ýyl­da «Tür­ki dün­ýä­si­niň me­de­ni paý­tag­ty» diý­lip yg­lan edil­me­gi­ne ba­gyş­la­nan hem-de her bir oky­jy­nyň kal­by­nyň tö­rün­de mü­di­mi­lik orun al­jak bu aja­ýyp sow­gat buý­san­jy­my­zy has-da be­len­de gö­ter­di.

ÇAGRY BEG

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow: — Mälim bolşy ýaly, Çagry begiň we Togrul begiň döreden Beýik Seljuk döwleti gysga döwrüň içinde Günbatara, Kiçi Aziýa tarap ummasyz giňişliklere ýaýrapdyr. Bu döwlet dargandan soň hem özbaşdak türkmen döwletleri döräpdir. Beýik Seljuk döwletinden başlap, bularyň her biriniň türkmeniň şöhratyny dünýä ýaýmakda, yslam dinine arka durmakda bitiren işleriniň gymmaty hakynda pikir edip görüň!

Sirk sun­ga­ty­nyň ta­ry­hy

«7/24. tm» №18 (205), 29.04.2024 «Sirk» sö­zi la­tyn di­lin­de «te­ge­lek» di­ýen ma­ny­ny aň­lad­ýar. Bu adyň sirk meý­dan­ça­sy­nyň — ma­ne­ži­niň we to­ma­şa­çy­lar üçin göz öňün­de tu­tu­lan bö­le­giň hem te­ge­lek gör­nüş­de­di­gi bi­len bag­ly bol­ma­gy müm­kin­dir.