Halypa geolog

6 Maý 2024
314

Ömrüni ylma bagyşlan, ýurdumyzda tanymal geologlaryň biri, geomorfolog, geografiýa ylymlarynyň kandidaty Hommat Durdyýew şu ýyl 90 ýaşyny toýlaýar.

Ol 1934-nji ýylyň 5-nji maýynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde eneden dogulýar. 1947-nji ýylda Aşgabat şäheriniň 1-nji Pedagogiki uçilişesine okuwa girýär. 1948-nji ýylda Aşgabat ýertitremesi netijesinde ol beýleki talyplar bilen birlikde Türkmenbaşy şäheriniň 6-njy Pedagogiki uçilişesine geçirilýär we bu uçilişäni 1951-nji ýylda tamamlaýar. 1953-nji ýyla çenli Gökdepe şäherçesiniň 1-nji orta mekdebinde mugallym bolup işleýär. Bilim almaklyga bolan höwesi 1953-nji ýylda Türkmen döwlet uniwersitetiniň geologiýa-geografiýa fakultetine okuwa girmegine sebäp bolýar. 1958-nji ýylda uniwersiteti tamamlap, ýaş hünärmen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Geologiýa institutynda öz ylmy ýoluna başlaýar. Ylym ýolunda görkezen başarnyklary ony 1961—1964-nji ýyllarda aspiranturada okamagyna iterýär. 1970-nji ýylda halypa geolog ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesini almak üçin dissertasiýa goraýar.

Atamyrat ATAMYRADOW,
«Türkmengaz» DK-nyň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň laboratoriýa müdiri.
Beýleki habarlar