Geçmişiň ýaňy — geljege şamçyrag

8 Maý 2024
356

Taryhy çeşmelere ýüzlenip, geçmişiň syrly sahypalaryny agdarýarkaň, özbaşdak döwletli, berkarar ýurtly bolup, asuda, parahat durmuşda ýaşamagymyza bu mukaddes toprakda ýaşap geçen beýik şahsyýetleriň, alymlaryň, akyldarlaryň, şalaryň, soltanlaryň, milli gahrymanlaryň näderejede goşandynyň bolandygyna göz ýetirýärsiň. Onsoň halkymyzyň: «Geçmişi bolmadygyň, geljegi bolmaz» diýen dana pähiminiň çuň many-mazmuny hem bütin aýdyňlygy bilen ýüze çykýar duruberýär. TÜRKSOÝ-nyň Hemişelik geňeşi tarapyndan Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli gadymy Oguz ýaýlasynda badalga alan toý dabaralary, şol günlerde hormatly Prezidentimiziň halkymyza sowgat eden «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly ajaýyp kitaby bizi geçmişiň syrly dünýäsine dolady.

Ekerançylygyň gülläp ösen, adamzat medeniýetiniň kemala gelen ýeri bolan Änewden başlanan döredijilik saparymyz gadymy Sarahs topragynda dowam etdi. Ýolugruna bu aralykda ýerleşýän köp sanly keramatly ýerlere — Seýit Jemaleddin metjidine, Abiwerd galasyna, Mäne babanyň aramgähine eden zyýaratlarymyz mukaddes topraga saparymyzyň has täsirli bolmagyna getirdi. Sarahs etrabynda-da Abul-Fazl (Sarahs baba), Ahmet al-Hady (Ýartygümmez) kümmetleri, Pulhatyn köprüsi, Gowşuthan gala, Injirli gala, Topaz gala, Guýrukly depe, Oýukly depe ýaly taryhy ýerler, gadymy galalar kän. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen gadymy Sarahs orta asyrlaryň iň iri şäherleriniň biri bolup, Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda ol şeýle beýan tapýar: «Halk aýtgylarynda Sarahs şäheriniň döremegi Turanyň akyl-paýhasy, adyl hereketleri bilen belli, mifiki şasy Afrasiabyň ady bilen hem baglanyşdyrylýar. Aýtmaklaryna görä: «Afrasiab tarapyndan bina edilen bu şäheriň ýedi sany derwezesi bolupdyr. Ol senetkärleriň, ussalaryň, alymlaryň şäheri bolupdyr. Şäherde dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen söwda kerwenleri goş ýazdyryp, bazarynda adyny tutan harydyň tapylypdyr, medreseleriň birnäçesi, juda owadan bina edilen, köp mähelleli metjit bar ekeni. Şäheriň daş-töweregi bag-bossançylyga gurşalypdyr...»

Keýik UMAROWA,
«Zenan kalby».
Beýleki habarlar