Türk­men ala­ba­ýy — çem­pi­on

30 Mart 2024
170

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024

Türk­men hal­ky­nyň mil­li mi­ra­sy bu gün­ki gün dün­ýä iç­re da­ba­ra­lan­ýar. Mil­li gym­mat­lyk­la­ry­my­zyň bi­ri bo­lan türk­men ala­ba­ýy özü­niň aras­sa gan­ly­ly­gy­ny, owa­dan­ly­gy­ny, düş­bü­li­gi­ni, üns­lü­li­gi­ni ýer ýü­zün­de yk­rar et­dir­ýär. Mu­ny 2024-nji ýy­lyň 15 — 17-nji ýan­wa­ryn­da Ka­zan şä­he­rin­de «Mer­ke­zi Azi­ýa ow­çar­ka­sy» de­re­je­si bo­ýun­ça ge­çi­ri­len Rus­si­ýa­nyň Ki­no­lo­gi­ýa fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň çem­pio­na­ty hem tu­tuş aý­dyň­ly­gy bi­len gör­kez­di. On­da ýe­ňi­ji­ler aras­sa gan­ly­lyk, owa­dan­lyk, buý­ru­gy ber­jaý et­mek uky­by we beý­le­ki hä­si­ýet­na­ma­lar bo­ýun­ça saý­la­nyl­dy. «Mer­ke­zi Azi­ýa ow­çar­ka­sy» de­re­je­si bo­ýun­ça çem­pio­na­ta tu­tuş Rus­si­ýadan 200-e go­laý it gat­naş­dy. Ne­ti­je­de, 2021-nji ýyl­da hor­matly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow ta­ra­pyn­dan Ta­ta­rys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Baş­tu­ta­ny Rus­tam Min­ni­ha­no­wa sow­gat ber­len Ak­dost (Ak­dus) at­ly türk­men ala­ba­ýy «Mer­ke­zi Azi­ýa ow­çar­ka­sy» di­ýen ýa­ryş­da iki ugur bo­ýun­ça Rus­si­ýa­nyň çem­pio­ny bol­dy. Hä­zir­ki wagt­da türk­men ala­ba­ýy dün­ýä­de meş­hur to­hum­la­ryň bi­ri hök­mün­de yk­rar edil­di. Mu­nuň özi te­bi­gat bi­len saz­la­şyk­da ýa­şa­ýan hal­ky­my­zyň, ata-ba­ba­la­ry­my­zyň esas­lan­dy­ran halk seç­gi­çi­li­gi­niň ha­ky­ky nus­ga­sy­ny bü­tin dün­ýä äş­gär eden­di­gi­ni gör­kez­ýär.

Şatlyk Kurbanow,
Türkmenistanyň Serhet institutynyň harby gullukçysy, leýtenant.