«7/24. tm», № 13 (148), 27.03.2023.
Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» atly elektron žurnalynyň, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň bilelikde guran «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» atly 2023-nji ýylyň şygaryna bagyşlanan döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenildi. Bu döredijilik bäsleşigine ýurdumyzyň ýokary we başlangyç hünär okuw mekdepleriniň talyplary, orta mekdepleriniň okuwçylary işeňňir gatnaşyp, olar «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» şygary astynda ýurdumyzy şöhratlandyran türkmen türgenleri, ýurdumyzyň sport ulgamynyň depginli ösüşi, halkymyzyň döreden milli we hereketli oýunlarynyň terbiýeçilik ähmiýeti, şeýle-de ýurdumyzda belli sungat ussatlarynyň sport durmuşy barada söhbet açýan gyzykly makalalary ýazyp ýollapdyrlar.