Se­nem ýa­şap ýör­süň Ýe­riň ýü­zün­de!

26 Mart 2023
331

«7/24. tm», № 13 (148), 27.03.2023.

Gur­ban­na­zar Ezi­zow aňyr­dan gel­ýän ede­bi­ýa­ty­myz­da öz­bo­luş­ly ýol döredip, halkyň söýgüsini gazanmagy ba­şa­ran şa­hyr­dyr. Onuň dö­re­di­ji­li­gi XX asyr­da dur­mu­şy­my­za or­na­şyp ug­ran tä­ze­çe — öň­kü­den ta­pa­wut­lan­ýan ga­ra­ýyş­la­ry ede­bi­ýa­ty­my­za (on­dan hem aňy­my­za) or­naş­dy­ryp­dy. Tä­ze maz­mu­ny tä­ze ritm, tä­ze söz­le­ýiş we tä­ze se­riş­de­ler bi­len ber­me­giň höt­de­sin­den ge­len­li­gi üçin bol­sa onuň şyg­ry he­mi­şe ar­zy­ly bol­dy. Sap sun­gat­lyk hüm­met­li poe­zi­ýa­ny dö­ret­me­gi ba­şa­ran şahy­ryň ha­ky­ky sun­gat ese­ri bi­len galp ese­riň ta­pa­wu­dy hak­da­ky ga­ra­ýyş­la­ry hem­me­ler üçin gy­zyk­ly hem-de ha­ýyr­ly bol­sa ge­rek.