«7/24. tm», № 13 (148), 27.03.2023.
Ejem ýatan ýerinden ysgynsyz ellerini maňa tarap uzatdy. Olary aýalarymyň arasyna alyp, sypamaga durdum. Mydary giden näzik ham, çykyşyp duran göm-gök damarlar, janyňa hoş ýakýan mylaýym ýylylyk maňa ejemiň tamdyr çörekleriniň ýakymly ysyny hem tagamyny ýatlatdy. Ejem dodaklaryny müňküldeden ýaly boldy. Aýtjak sözlerini eşitmän galaýmaýyn diýip, oňa tarap çalaja egildim.