Ba­har meý­li­sin­de çyk­saň seý­ra­na...

19 Mart 2023
445

«7/24. tm», № 12 (147), 20.03.2023.

Pa­syl­la­ryň sol­ta­ny ha­sap­la­nyl­ýan ba­har pas­ly­nyň gel­me­gi bi­len daş-tö­we­rek ýa­şyl beg­re­se bü­re­nip, da­ragt­lar pyn­tyk ýa­ryp, sähra-düzler lä­le­zar­ly­ga öw­rül­ýär. Te­bi­ga­tyň jan­la­nyp, gö­zel­lik­le­ri­niň şug­la saç­ýan pur­sat­la­ry ba­ba­daý­han­lar ekin meý­dan­la­ry­na çy­kyp, «Bi­riň müň bol­sun!» di­ýip, yh­las bi­len ýe­re to­hum se­pip, bol ha­sy­lyň düý­bü­ni tut­ma­ga gi­riş­ýär­ler. Ba­ha­ryň aja­ýyp gün­le­ri özü­niň aras­sa, my­la­ýym ho­wa­sy bi­len ja­na te­ne­kar bo­lup, her bir gö­wün­de zäh­me­te hy­juw, Wata­na söý­gi dö­red­ýär.