Buýsandyryjy zähmet üstünligi

5 Dekabr 2022
354

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Körpeje buraw işleri müdirliginiň edermen-zähmetsöýer burawlaýjylary öz öňlerinde goýlan belent maksatlara ýetmek ugrunda egin-egne berip, agzybir zähmet çekýärler. Häzirki wagtda müdirligiň burawlaýjylary tarapyndan Günorta Uzynada, Uzynada, Altyguýy, Guýjyk ýaly nebitgazly ýataklarda gözleg-barlag we ulanyş maksatly guýularda burawlaýyş işleri giň gerimde alnyp barylýar.

Eziz Diýarymyzyň nebitgazly känlerinde ýerasty gatlaklardaky çig mallarynyň önümli gatlaklaryny gözläp tapmakda hem-de ýokary hilli özleşdirip, önümçilige tabşyrmakda işleriň esasy bölegi burawlaýjylaryň paýyna düşýär. Burawlaýjy toparyna ýolbaşçylyk edýän ussat, «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna» ýubileý medalynyň eýesi Tagangeldi Amanow tarapyndan Uzynada meýdançasyndaky 71-nji ulanyş maksatly guýusyndan taslama çuňlugy 6750 metr bolan guýynyň 6690-6696 metr çuňlugyndan uly möçberde gaz-kondensat senagat akymy alnyp, önümçilige ulanyşa tabşyryldy. Bu gazanylan belent sepgit Uzynada meýdançasynyň senagat akymy bolan çig mallara baýdygyny ýene bir gezek subut etmek bilen, müdirligiň zähmetsöýer burawlaýjylarynyň arasynda buýsanja beslenen şatlyga öwrüldi.

Arazmyrat ILAMANOW,
«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Körpeje buraw işleri müdirliginiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.