Hem gymmatly, hem islegli baýlyk

5 Dekabr 2022
373

(Başlangyjy gazetiň geçen sanynda)

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Türkmendermansenagat» birleşiginiň Bereket şäherindäki Ýod önümçiligi kärhanasy bu gün tutuş sebitde giňden tanalýar. Türkmen himiýaçylarynyň öndürýän tehniki ýoduny esasy çig mal hökmünde peýdalanýan bu kärhananyň ýyllyk kuwwatlylygy ýodly taýajyklaryň 250 millionyny, ýodly galamlaryň 50 million sanysyny hem-de diş serişdeleriniň 500 müňüsini öndürmeklige niýetlenilendir. Kärhana bu gün öz öňünde goýlan wezipelere abraý bilen hötde gelýär. Ýeri gelende aýtsak, «Bereket» ýod önümçiligi kärhanasynda dünýä hil ülňülerine laýyklykda taýýarlanylýan ekologiýa babatda arassa serişdeler stasionar bejeriş edaralarynda hem-de gaýragoýulmasyz lukmançylykda, şonuň ýaly-da, ýola çykylyp işlenilende juda amatlylygy hem-de netijeliligi bilen tapawutlanýar.

Hojaberdi BAÝRAMOW,
«Nebit-gaz».