Futbol täzelikleri

25 Noýabr 2022
427

Ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 21-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi. Paýtagtymyzyň «Nusaý» stadionynda «Aşgabat» bilen duşuşan «Ahal» topary 3:0 hasabynda üstün çykyp, toplan 57 utugy bilen ýaryş tertibinde birinji orny eýelemegini dowam edýär.

Tapgyryň beýleki duşuşyklarynda «Merw» öz meýdanynda «Şagadamdan» 1:0, «Köpetdag» bolsa «Energetikden» 2:0 üstün çykdylar. Ýaryş tertibinde ikinji, üçünji orunlary degişlilikde «Altyn Asyr» hem-de «Merw» toparlary eýeleýärler.

Gandym ÝAZOWOW,
sport synçysy.