F1-de möw­süm ta­mam­lan­dy

25 Noýabr 2022
354

For­mu­la 1 bo­ýun­ça möw­süm ta­mam­la­nyp, ýy­lyň jem­leý­ji ýa­ry­şy BAE-niň paý­tag­ty Abu Da­bi­de ge­çi­ril­di. Möw­sü­miň 22-nji bäs­le­şi­gi bo­lan Abu Da­bi «Gran Pri­sin­de» çem­pi­on­ly­gy­ny bireý­ýäm yg­lan eden «Red Bul­luň» ni­der­land sü­rü­ji­si Maks Wers­tap­pen ýe­ňiş ga­zan­dy. Ol «Ýas Ma­ri­na» tras­sa­syn­da ge­çi­ri­len ýa­ryş­da 58 aý­la­wy 1 sa­gat 28 mi­nut 45,914 se­kunt­da ta­mam­lap, möw­süm­dä­ki 15-nji, kar­ýe­ra­syn­da­ky 35-nji ýeň­şi­ni baý­ram et­di. Şun­luk­da, Wers­tap­pen bir möw­süm­de iň köp ýe­ňiş ga­zan­mak­da özü­ne de­giş­li re­kor­dy ös­dür­me­gi ba­şar­dy.

15 ýyl­dan soň il­kin­ji ge­zek