Okuwçy. Türgen. Çempion

6 Noýabr 2022
434

«7/24. tm», № 45 (128), 07.11.2022

Aşgabat şäherindäki 32-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Mohaddes Abbasowa sportuň ýaý atmak görnüşi bilen meşgullanyp, deň-duşlaryndan öňe saýlandy. Soňra ol şäherdir ýurt derejesindäki ýaryşlarda bäsdeşlerinden saýlanmagy maksat edindi. Elbetde, sporty hemra edinen her bir türgeniň erjelligi, tutanýerliligi hemmelere düşnüklidir. Bu ýerde hem Mohaddes ýaý atmak boýunça ençeme gezek Türkmenistanyň çempiony bolan doganlary Köwsar bilen Maedeniň göreldesine eýerip, milli birinjiliklerde medal yzyna medal gazanyp başlady.

Sülgün MYRATGELDIÝEWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.