«7/24. tm», № 44 (127), 31.10. 2022
Türkmen halky tutuş taryhynyň dowamynda alabaýlara maşgalasynyň bir agzasy ýaly garapdyr. Mundan başga-da, olaryň häzirki günlere çenli hem öýleriň we sürüleriň ynamdar sakçylary, awçylaryň kömekçileri bolup durýandygyny bellemek gerek. Bu barada Gahryman Arkadagymyz «Türkmen alabaýy» atly kitabynda «Ata-babalarymyz bedewinde myradyny, milli seçgiçiligiň ajaýyp nusgasy bolan alabaýlarymyzda bolsa bagtyny görüpdirler» diýip belläp geçýär.