«7/24. tm», № 38 (121), 19.09. 2022
2022-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň ХХIII maslahaty geçirildi. Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşigi dürli ugurlar boýunça doganlyk gatnaşyklarymyzy ösdürmek, maddy we ruhy mirasymyzy öwrenmek, olary dünýä halklarynyň arasynda wagyz etmek babatda-da uly işleri alyp barýar. Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda we başlangyçlary netijesinde, ol bu gün abraýly halkara ynsanperwer guramalaryň biri hökmünde ykrar edildi hem-de daşary ýurtlardaky türkmen doganlarymyzy bir supranyň başyna jemlemekde ykbal kesgitleýji merkeze öwrüldi.