Çagalar we sport

4 Sentýabr 2022
493

«7/24. tm», № 36 (119), 05.09. 2022

Çagalar oýnamagy halaýarlar. Olaryň oýnamak üçin hereket edýändigi bedenterbiýäni ýatladýar. Eger körpeleri sport enjamlaryna we sport toplaryna ysnyşdyrsaň, onda biz «ýaşajyk türgeniň» sporty hemra edinip başlandygyny göreris. Siziň synlaýan suratlaryňyzda çagalaryň ululara öýkünip, regbi, basketbol, futbol toplaryny oýnawaçlarynyň sanawyna goşýan pursatlary ýerleşdirildi. Diýmek, olar görenlerine meňzemegi halaýarlar. Bu bolsa ulularyň her bir işde, şol sanda sporty we bedenterbiýäni hemra edinmekde hem çagalara görelde bolmalydygyny aňladýar.