Sport ýaryşlary tamamlandy

19 Maý 2024
279

«7/24. tm» №21 (208), 20.05.2024

«Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly­nyň mart-ap­rel aý­la­ryn­da ýur­du­my­zyň har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ry­nyň iş­gär­le­ri­niň ara­syn­da spor­tuň gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça «Türk­me­nis­tan — ru­hu­be­lent­li­giň we sag­dyn­ly­gyň ýur­dy» at­ly XIII Spar­ta­kia­da­nyň jem­leý­ji ýa­ryş­la­ry gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çi­ril­di. Türk­me­nis­ta­nyň Be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň, Türk­me­nis­ta­nyň De­mok­ra­tik par­ti­ýa­sy­nyň, Türk­me­nis­ta­nyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň Mil­li mer­ke­zi­niň hem-de Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň Mer­ke­zi Ge­ňe­şi­niň bi­le­lik­de gu­ra­ma­gyn­da her ýyl­da ge­çi­ril­ýän bu Spar­ta­kia­da­nyň jem­leý­ji ýa­ryş­la­ry bu ýyl hem ýo­ka­ry üs­tün­lik­le­re bes­len­di. Spor­tuň 9 gör­nü­şi bo­ýun­ça gu­ra­lan bu ýa­ryş­lar har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ry­nyň har­by gul­luk­çy­la­ry­nyň be­den taý­ýar­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­ga, spor­ta we köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýä bo­lan hö­wes­le­ri­ni has-da art­dyr­ma­ga uly iter­gi ber­di. Spar­ta­kia­da­nyň mak­sa­dy, ýur­du­myz­da spor­ty ös­dür­mek­den we ila­tyň sag­ly­gy­ny ber­kit­mek­den, türk­men spor­tu­nyň ab­ra­ýy­ny dün­ýä de­re­je­si­ne çy­kar­mak­dan hem-de har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ry­nyň iş­gär­le­ri­niň ara­syn­dan ze­hin­li, ba­şar­jaň we güýç­li tür­gen­le­ri saý­lap-se­çip al­mak­dan yba­rat­dyr.

Ba­tyr ÝAG­MY­ROW,
Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let güm­rük gul­lu­gy­nyň Da­şo­guz we­la­ýat güm­rük­ha­na­sy­nyň har­by gul­luk­çy­sy, ka­pi­tan.