Ajaýyp eseriň nurly şuglasy

26 Fewral 2024
167

«7/24. tm» № 09 (196), 26.02.2024
Hormatly Prezidentimiziň «Ýaş­lar — Wa­ta­nyň da­ýan­jy» at­ly ki­ta­byn­da ýur­du­myz­da ýaş ne­sil­ler, şol san­da ça­ga­lar ha­kyn­da edil­ýän taý­syz ta­gal­la­lar giň­den açy­lyp gör­ke­zil­ýär. Mil­li Liderimiziň be­ýik baş­lan­gyç­la­ry, hormat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň üns-ala­da­la­ry ne­ti­je­sin­de, ýur­du­myz­da ça­ga­la­ryň saz­la­şyk­ly ösü­şi­ni üp­jün et­mek, sag­ly­gy­ny go­ra­mak we ber­kit­mek, müm­kin­çi­li­gi çäk­li ça­ga­la­ra sa­gal­dyş-di­kel­diş kö­me­gi­niň ýo­ka­ry de­re­je­li hyz­ma­ty­ny ýo­la goý­mak ar­ka­ly, ola­ryň sag­dyn jem­gy­ýe­te go­şul­ma­gy­ny ga­zan­mak ug­run­da be­lent yn­san­per­wer iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär.

Se­bit­de de­ňi-ta­ýy bol­ma­dyk Arkadag şä­he­rin­de gur­lup ulan­ma­ga ber­len Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky ça­ga­lar sa­gal­dyş-di­kel­diş mer­ke­zi, Gahryman Arkadagymyzyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça dö­re­di­len Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy, onuň se­riş­de­le­ri­niň ha­sa­by­na al­nyp ba­ryl­ýan be­lent yn­san­per­wer iş­ler hem mu­nuň aý­dyň my­sal­la­ry­dyr. Ar­ka­dag şä­he­rin­de açy­lan Enä­niň we ça­ga­nyň sag­ly­gy­ny go­ra­ýyş mer­ke­zi, kö­pu­gurly has­sa­ha­na, On­ko­lo­gi­ýa mer­ke­zi, «Tiz kö­mek» mer­ke­zi, Ar­ka­dag şä­her sag­lyk öýi ýa­ly sag­ly­gy go­ra­ýyş mak­sat­ly bi­na­lar, bu ugur­da kä­mil hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­mak mak­sa­dy bi­len gur­lan Saç­ly Dur­su­no­wa adyn­da­ky Ar­ka­dag şä­her luk­man­çy­lyk or­ta hü­när okuw mek­de­bin­de döw­le­ti­mi­ziň adam­la­ryň jan sag­ly­gy­ny äh­li zat­dan ile­ri tut­ýan­dy­gy­nyň aý­dyň gü­wä­si­dir.

Ker­wen BER­DI­LI­ÝEW,
Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ener­ge­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.