«7/24. tm» № 09 (196), 26.02.2024
Ynsanyň kalby mydama çeper söze, täsirli jümlelere, durmuşda ugur görkeziji ýörelge bolaýjak kelamlara teşne. Şeýle ganatly jümleler süýjüliginden ýaňa tarka ýarylan datly gawunlar ýaly şirin, bir pursatda dünýäňi üýtgedip biläýjek derejede jadyly sözlerdir. Ine, muňa sözüň güýji diýilýär. Hormatly Prezidentimiziň halkymyza sowgat beren ilkinji kitaby bolan «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly eseri şeýle ajaýyp jümleleriň toplumydyr. Bu eseri okap, sözüň beýik gudratdygyna ýene bir gezek göz ýetirmek bolýar.