Dostluk baýramy

3 Dekabr 2023
217

«7/24. tm» № 49 (184) 04.12.2023

Her bir gü­ni toý­dur-baý­ra­ma bes­len­ýän asu­da Wa­ta­ny­my­zyň paý­tag­tyn­da iri sport baý­ra­my – Ku­raş bo­ýun­ça XIV dün­ýä çem­pio­na­ty da­ba­ra­ly dep­gin­de do­wam ed­ýär. 2014-nji ýyl­da ýur­du­myz­da Ku­raş gö­re­şi fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň dö­re­di­len gü­nün­den bä­ri türk­men tür­gen­le­ri hal­ka­ra ýa­ryş­la­ryn­da, Azi­ýa we dün­ýä çe­mio­nat­la­ryn­da baý­rak­ly orun­la­ra eýe bo­lup, türk­men tu­gu­ny has-da be­lent­de par­lat­dy­lar. Spor­ty we be­den­ter­bi­ýä­ni döw­let sy­ýas­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri hök­mün­de yk­rar eden Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz­de şeý­le ab­raý­ly hal­ka­ra ýa­ry­şy­nyň ge­çi­ril­me­gi­niň özi hem aý­ra­tyn buý­san­dy­ry­jy ha­dy­sa. Ýe­ri ge­len­de bel­le­sek, ak mer­mer­li paý­tag­ty­myz­da do­wam ed­ýän bu sport ýa­ry­şy ku­raş bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­ty­na gat­na­şy­jy­la­ryň sa­ny bo­ýun­ça-da iň ýo­ka­ry gör­ke­zi­jä eýe bo­lup, 53 döw­let­den 243 tür­gen, je­mi 490-a go­laý we­kil gat­naş­dy.

Ygtyýar ŞATLYKMYRADOW,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby.