Sag­lyk üçin he­re­ket, he­re­ket üçin we­lo­si­ped

4 Iýun 2023
282

«7/24. tm», №23 (158), 05.06.2023.

We­los­port — spor­tuň bu gör­nü­şi bo­ýun­ça il­kin­ji çe­ke­le­şik­li ýa­ry­şyň 1868-nji ýyl­da Fran­si­ýa­nyň paý­tag­ty Pa­ri­žiň go­la­ýyn­da­ky aja­ýyp Sen-Klu se­ýil­gä­hin­de ge­çi­ri­len­di­gi­ni ta­ry­hy çeş­me­ler ha­bar ber­ýär. Bu sport ýa­ry­şy 2 müň metr ara­ly­ga gu­ra­lyp­dyr. Bu ýaryşda ang­li­ýa­ly J. Mur ýe­ňi­ji bo­lupdyr. As­lyn­da, we­lo­si­pe­di il­kin­ji bo­lup, 1801-nji ýyl­da rus­si­ýa­ly Ýe­fim Ar­ta­mo­now agaç­dan ýa­sap­dyr. Il­kin­ji we­lo­si­ped, me­ge­rem, hä­zir­ki­le­re ga­ra­nyň­da has sa­da bo­lan­dyr, em­ma şol dö­wür­de bu wa­ka ul­la­kan öňe­gi­diş­lik hök­mün­de ka­bul edi­lip­dir hem-de köp­le­riň ün­sü­ni özü­ne çek­me­gi ba­şa­ryp­dyr. «We­lo­si­ped» adal­ga­sy­nyň özü­niň la­tyn di­lin­dä­ki «velos» sö­zi ça­la­syn we pes aýak di­ýen ma­ny­ny ber­ýär. Uzak ara­lyk­la­ry we­lo­si­ped bi­len geç­ýän, onuň bi­len ýit­me­jek yz­la­ry goý­ýan ha­ly­pa­la­ry­my­zyň dur­muş tej­ri­be­le­ri­ni öz dil­le­rin­den eşit­mek has-da gy­zyk­ly.