Milli demokratiýanyň kämil nusgasy

26 Mart 2023
257

26-njy martda — şu gün säher bilen degişli saýlaw uçastoklary öz gapylaryny giňden açdylar . Ýurdumyzda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, we şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň, şeýle hem Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna badalga berildi.

Ýurdumyzyň ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda zähmet çekýän hünärmenleriň, dürli hünärde zähmet çekýän ildeşlerimiziň hem-de milletleriň wekilleriniň dalaşgär hökmünde çykyş etmekleri bu saýlawlaryň diýseň möhüm ähmiýete eýedigini görkezýär. Şu gün halkymyz ýurdumyzyň syýasy partiýalaryndan hem-de raýatlar toparlaryndan hödürlenen dalaşgärleriň iň mynasyplaryny saýlar.