Türkmenistan – gül-gülüstan

24 Mart 2023
240

Sagdynlygyň, ruhubelentligiň, sportuň mekany bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda raýatlaryň rahat, sagdyn, eşretli durmuşyny üpjün etmek, ýurdumyzyň gözelligini has-da artdyrmak, ajaýyp tebigatymyzyň ekologiýa abadançylygyny gorap saklamak ugrunda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän işleri dünýä nusgalyk diýip häsiýetlendirsek, diňe hakykaty sözledigimiz bolar. «Daşky gurşawy gorap saklamak ugrunda ata-babalarymyzdan gelýän milli däp-dessurlarymyz bu günki gün has-da kämilleşdirilýär. Ata Watanymyzda her ýylda ählihalk bag ekmek dabaralarynyň geçirilmegi ýurdumyzyň bagy-bossanlyga öwrülmegine hem-de halkymyzyň gözel tebigatyna bolan söýgüsiniň artmagyna uly itergi berýär» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçen şenbe güni ählihalk bag ekmegiň ýazky möwsümine badalga berilmegi hem munuň aýdyň subutnamasy bolup dabaralandy. Bilşimiz ýaly, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda paýtagtymyzda we welaýatlarda 3 million düýp bag nahalyny ekmek meýilleşdirildi.

Şol gün ir bilen hormatly Prezidentimiziň awtoulagy dabara gatnaşyjylaryň ýygnanan ýerine geldi. Arkadagly Serdarymyz bag ekmek üçin niýetlenen ýere geçdi.

«Türkmen sporty».