Bedenterbiýe we sport

24 Mart 2023
421

Ýakynda 2005 – 2008-nji ýyllarda doglan oglan-gyzlaryň arasynda ýeňil atletika boýunça Mary welaýatynyň birinjiligi geçirildi. Ýaryşda Murgap etrabynyň bedenterbiýe we sport bölüminiň sport mekdebinde tälim alýan ýaş türgenler üstünlikli çykyşlary bilen tälimçi-mugallymlarynyň özlerine bildirýän ynamlaryny ödeýändiklerini ýene bir gezek subut etdiler. Ussat tälimçi-mugallymlar Begmyrat Makgaýewiň hem-de Nurýagdy Goşaýewiň tälim berýän türgenlerinden Ybraýym Myradow, Jemşit Ýazmyradow, Serdar Gapurow, Mukam Ataýew şowly çykyşlary bilen tälimçileriniň buýsançlaryny artdyrdy.

Ýaryşda tapawutlanan türgenlere Mary welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Hormat hatlary gowşuryldy. Türgenlerdir tälimçiler ynsan saglygyny berkitmek ugrunda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini beýan etdiler.