Olimpiýa maksatlarynyň ýolunda

24 Mart 2023
362

Hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň türgenlerini sportuň dürli görnüşleri boýunça iri halkara ýaryşlara taýýarlamak hem-de olaryň ussatlyk derejesini ýokarlandyrmak, ýokary netijeleri gazanmaklary üçin zerur şertleri döretmek boýunça toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň Karary esasynda tassyklanan 2024-nji ýylda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa hem-de XVII Paralimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny taýýarlamak we olaryň bu halkara sport ýaryşlaryna gatnaşmagy, milli ýygyndy toparlary toplumlaýyn esasda taýýarlamak boýunça maksatnamany hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy esasynda alnyp barylýan işleriň oňyn netije berýändigini halkara ýaryşlardan gelip gowuşýan hoş habarlar hem tassyklaýar.

Türkmenistanly türgenler olimpiýa ýollanmasyna eýe bolmak üçin agyr atletika, boks, erkin we grek-rim göreşleri, suwda ýüzmek, dzýudo, pauerlifting, ýeňil atletika ýaly görnüşler boýunça ýokary derejede taýýarlyk görýärler. Häzirki günlerde türkmenistanly türgenler sportuň Olimpiýa maksatnamasyna girýän görnüşleri boýunça üstünlikli çykyşlaryny dowam etdirip, Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak üçin zerur bolan utuklary toplaýarlar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ilkinji aýlarynda dzýudo boýunça Ýewropanyň açyk çempionatlary ildeşlerimiz üçin şowly boldy. Polşanyň Warşawa şäherinde Hakberdi Jumaýewiň 60 kilograma çenli agram derejesinde bürünç medal, onuň yzysüre Bolgariýanyň Sofiýa şäherinde Hekim Agamämmedowyň 66 kilograma çenli agram derejesinde bürünç medal, Italiýanyň paýtagty Rimde Serdar Rahymowyň kümüş medal gazanmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Türgenlerimiziň netijeleri olaryň 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlaryna ýollanma gazanmagynda nobatdaky möhüm ädim boldy.

«Türkmen sporty».