Paýtagtyň sport durmuşyndan

24 Mart 2023
298

Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň guramagynda 2-nji sport mekdebiniň ýöriteleşdirilen sport zalynda ýaş türgenleriň arasynda boks boýunça Aşgabat şäheriniň birinjiligi geçirildi. Boks boýunça Türkmenistanyň birinjiliginde çykyş etmek üçin guralan bu saýlama tapgyrda «Olimp» orta sport mekdebiniň, Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň hem-de 2-nji sport mekdebiniň türgenleri agram derejesiniň 13-sinde bäsleşdiler.

Boks ýurdumyzda sportuň has ösen görnüşi hasaplanylýar. Muňa sportuň bu görnüşi bilen meşgullanýan ýaşlaryň sanynyň artmagy we türgenleriň halkara ýaryşlaryndaky üstünlikleri hem aýdyň mysalydyr. Çekeleşikli häsiýetde geçen bu ýaryşda hem türgenler ukyp-başarnyklaryny görkezmegi başardylar. Netijede, Ysmaýyl Gurbanberdiýew (57 kg), Rahat Mollamyradow (80 kg), Ybraýym Ismailow (51 kg) öz agram derejelerinde baýrakly orunlary eýelediler.