Sport baýramçylygyna ýokary taýýarlyk

24 Mart 2023
430

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty, «Amul – Hazar 2018» awtorallisi ýaly iri halkara ýaryşlary üstünlikli geçiren Türkmenistan ýene bir sport baýramçylygyny – Sambo boýunça dünýä çempionatyny guramaga taýýarlanýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen gurlan döwrebap sport toplumlary iň ýokary derejedäki ýaryşlary üstünlikli kabul etmäge mümkinçilik berýär. 2025-nji ýylda paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesindäki Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda dünýä çempionatyny geçirmek baradaky çözgüt hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Watanymyzda geçirilýän ýaryşlarda türkmen türgenleriniň üstünlikli çykyş etmegi bolsa begenjimizi goşalandyrýan hakykatdyr. Şundan ugur alyp, sambo boýunça milli ýygyndymyzyň agzalary sport baýramçylygyna eýýäm häzirden işjeň taýýarlyk görýärler.

Hormatly Prezidentimiziň üns-aladasynyň netijesinde türkmen türgenleriniň halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş etmekleri üçin ähli mümkinçilikler bar. Şol mümkinçiliklerden ruhlanýan türgenlerimiz yklym we dünýä çempionatlarynda üstünlikli çykyş edip, ýaşyl Baýdagymyzy belentde parladýarlar. Geçen ýylyň iýunynda türkmen samboçylary Liwanyň Juniýa şäherinde geçirilen Aziýanyň çempionatynda üstünlikli çykyş edip, medallaryň 22-sini gazandylar. 98 kilograma çenli agramda Rustam Annamuhammedow, +98 kilogramda söweş sambosyndan Babajan Iwadullaýew, 98 kilograma çenli sport sambosy boýunça Guwanç Begaliýew ähli garşydaşlaryny ýeňip, altyn medal gazandylar. Türgenlerimiziň bäşisi yklym çempionatynyň kümüş medal mynasyp boldy. Söweş sambosyndan Weronika Rus (64 kg) bilen Sabina Agajanowa (+80 kg), sport sambosyndan bolsa Begenç Baltaýew (79 kg), Dinara Iwadullaýewa (50 kg), Rano Uzakowa (72 kg) jemleýji tutluşyklarda göreşdiler. Ildeşlerimiziň ýene 14-si hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy.

«Türkmen sporty».