Futbol täzelikleri

24 Mart 2023
324

Türkmenistanyň Futbol boýunça milli ýygyndysy Mergen Orazowyň tälimçiliginde 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatynyň saýlama tapgyryna taýýarlygynyň çäginde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirdi.

12 – 19-njy mart aralygynda paýtagtymyzda geçirilen okuw-türgenleşigiň dowamynda tälimçiler düzümi ýerli futbolçylaryň 27-sini gözden geçirip, olaryň has ökdelerini ýygyndy toparymyzyň düzümine çagyryldy. Ýygyndy toparymyzyň gutarnykly sanawyna oýunçylaryň 24-siniň çagyrylandygyny bellemek gerek.

Söhbet GUŞLYÝEW,
sport synçysy.