Ýeňişli ýoluň ýalkymy

24 Mart 2023
465

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, binýady berkden tutulan sport syýasatynyň many-mazmuny bu gün hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda täze öwüşgine eýe bolýar. Munuň özi sporty ösdürmegiň döwlet syýasatynyň iň möhüm ugurlarynyň birine öwrülendiginiň nyşanydyr. Ine, şunuň esasynda hem, bu gün türkmen sporty dünýä çykýar. Türkmen ýygyndylarynyň iň abraýly ýaryşlarda mynasyp çykyş etmegi başarýandyklary aýdylanlaryň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmenistanly türgenlere iň abraýly klublaryň gyzyklanma bildirýändikleri milli sportumyzyň derejesini äşgär edýär. Bu barada gürrüň edilende türkmen futbolçylarynyň daşary ýurt ligalarynda diýseň netijeli çykyş edýändiklerine aýratyn ünsi çekmelidiris.

Rüstem SAPAROW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy, institutyň kärdeşler arkalaşygynyň başlygy.