Spartakiadanyň çäklerinde

24 Mart 2023
353

«Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XII Spartakiadanyň çäklerinde Balkan welaýatynyň edara-kärhanalarynyň we guramalarynyň arasynda futzal boýunça ýaryş geçirildi. Balkan welaýat häkimliginiň, Balkan welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň göçme kubogy ugrundaky çekeleşikli geçen bäsleşikde Balkan welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň «Galkan» topary ýeňiji boldy. Durmuş maksatly hyzmat ediş müdirliginiň «Gara altyn», Balkan welaýat prokuraturasynyň toparlary degişlilikde ikinji we üçünji orunlary eýelediler.

Ýaryşyň jemi boýunça göçme kuboga mynasyp bolan topara we baýrakly orunlary eýelän toparlara Balkan welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Hormat hatlary, Balkan welaýatynyň futbol federasiýasynyň medallary gowşuryldy.

Perhat BEGÇÄÝEW,
Balkan welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 3-nji sport mekdebiniň tälimçisi.