Gimnastikaçylar abraýly ýaryşda

24 Mart 2023
307

23-nji martda ýaş gimnastikaçylarymyz säher bilen çeper gimnastika boýunça Gruziýanyň Tbilisi şäherinde geçirilýän halkara ýaryşyna gatnaşmak üçin paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinden ýola düşdi. Türkmenistanly ýetginjekler şu gün bu halkara ýaryşyndaky çykyşlaryna başlaýarlar.

Türkmen ýygyndysyna 7 ýetginjek wekilçilik edip, olaryň bäşisi Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 13-nji sport mekdebiniň okuwçylarydyr. Paýtagtymyzyň orta mekdeplerinde bilim alýan Weronika Kurdupowa, Sara Gulberdiýewa, Fatima Kambarowa, Mahym Gurbanowa hem-de Aýgül Geldiýewa dagy kämillik ýoluny 13-nji sport mekdebinde dowam etdirýär. Mähri Pomanowa bilen Aýsen Abdyllaýewa bolsa Balkan welaýatynda bilim alýarlar.

«Türkmen sporty».