Döwletli ýörelgeleriň dabaralanmasy

27 Ýanwar 2023
338

Şöhratly taryhymyza nazar aýlanyňda ata-babalarymyzyň jemgyýetçilik durmuşyndaky iň wajyp meseleleri halk bilen maslahatlaşyp çözendiklerini görmek bolýar. Bu asylly ýörelge Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe-de mynasyp dowam etdirilýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 21-nji ýanwarynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisi hem halk häkimiýetlilik däpleriniň täze taryhy eýýamda özboluşly many-mazmuna eýe bolýandygyny tassyklady. Umumymilli foruma Hökümet agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýurdumyzyň welaýatlarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.

Milli Geňeşiň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisiniň dowamynda dürli pudaklarda zähmet çekýän ildeşlerimiz çykyş edip, ýurdumyzyň ýaşulularynyň we ýaşaýjylarynyň adyndan Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek hem-de Esasy Kanuna üýtgetmeleri girizmek başlangyjynyň doly goldanylýandygyny aýtdylar. Çykyş edenler dörediljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlyklygyna Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy saýlamak baradaky teklibi öňe sürdüler. Gahryman Arkadagymyzy türkmen halkynyň Milli Lideri diýip ykrar etmek baradaky teklibi goldamak baradaky haýyş bilen ýüzlendiler.

«Türkmen sporty».