Milli syýahatçylyk zolagynyň sport mümkinçilikleri

27 Ýanwar 2023
353

Düşündirişli sözlüklerde diýseň giň many-mazmuna eýe bolan milli syýahatçylyk zolagy diýen düşünje bilen sportuň nähili baglanyşygy bolup biler? Bu ýerdäki esasy baglanyşyk dünýäde sport ýurdy hökmünde ykrar edilen Türkmenistan Watanymyzyň diňe bir sport ulgamynyň wekilleri üçin däl, şol bir wagtyň özünde işewürler we syýahatçylar üçin hem giňden açykdygy bilen baglydyr. Galyberse-de, «sport işewürligi» syýahatçylyk bilen bagly beýleki düşünjeler bilen bilelikde sportuň we bedenterbiýäniň ähli ulgamlary öz içine alýandygy bizi Türkmenistandaky milli syýahatçylyk zolak bolan Awazadaky sport desgalaryna syýahata çagyrdy.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ençeme iri syýasy-jemgyýetçilik, medeni, ykdysady maslahatlaryň, forumlaryň, festiwallaryň geçirilendigi bu gün dünýäniň ünsüni Hazar deňziniň türkmen kenaryna çeken bolsa, ýokary derejede guralýan iri ýaryşlar bu gözel künjekde sportuň hem durnukly ösdürilýändigini dünýä ýüzüne ýaýdy. Awazada guralan iri sport ýaryşlary ýokary derejede geçirilen sport ýaryşlarynyň her birisi, halkara bilermenleriň oňyn seslenmesine mynasyp boldy.

Hudaýguly PAŞŞYÝEW,
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Barlag-derňew müdirliginiň Aşgabat şäheri boýunça barlag-derňew bölüminiň esasy döwlet inspektory.