Sagdynlygyň, sportuň, syýahatçylygyň sazlaşygy

2 Sentýabr 2022
448

Ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak, raýatlaryň oňat dynç almaklary, saglyklaryny berkitmekleri babatda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän işleri dünýä nusgalyk diýip, buýsanç bilen aýtmak bolar. Adamlaryň sagdyn durmuşda ýaşamaklary bolsa ýurtda ekologik syýasatyň üstünlikli amala aşyrylmagy, tebigatyň gözelliginiň goralmagy, daşky gurşawyň arassalygy bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr.

«Ynsan öz ömrüniň bütin dowamynda tebigat bilen özara aýrylmaz sazlaşykda, gatnaşykda ýaşaýar. Şonuň üçin hem adamzadyň ýaşaýşy köplenç onuň tebigy baýlyklardan peýdalanyşyna, tebigata bolan gatnaşygyna baglydyr. Bu bolsa biziň her birimizi daşky gurşawy goramaga we tebigy baýlyklarymyza aýawly çemeleşmäge borçly edýär» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bu ugurda alnyp barylýan işlerem, elbetde, diňe öwgä mynasypdyr. Geçen hepdäniň şenbe gününde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşmagy hem ýurdumyzda adamlaryň döwrebap dynç almaklary üçin has oňaýly şertleri döretmek, Hazaryň türkmen kenarynyň ekologik arassalygyny gorap saklamak bilen baglanyşykly boldy.

«Türkmen sporty».