Olimpiýaçylary taýýarlaýan mekdeplerde

2 Sentýabr 2022
765

Täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň ýurdumyzyň olimpiýa ätiýaçlygyny taýýarlaýan sport mekdep-internatlarynda we sport mekdeplerinde hem kämillik menzilleriniň täze sahypasy açyldy. 1-nji sentýabrda säher bilen guralan dabaralar täze okuw ýylynyň, sportda has-da uly üstünliklere ymtylyşyň buşlukçysy boldy. Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň garamagyndaky «Olimp» orta sport mekdebinde, Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebinde hem-de Ahal welaýatynyň ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan sport mekdep-internatynda ýaýbaňlandyrylan ajaýyp çäreler hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine ýollan Gutlagynyň okalmagy bilen başlandy.

Şowhuna beslenen dabaralarda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň netijesinde bilim, sport we ýaşlar syýasaty ugurlarynda amal edilýän beýik işler giňişleýin beýanyny tapdy. Dabaralara gatnaşýan okuwçylaryň şatlygy hem buýsanjy kämillige teşne ýaşlaryň uly höwes bilen ýerine ýetiren aýdym-sazlarynda, joşgunly çykyşlarynda şöhlelendi.

Jemal Muradowa,
Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň direktorynyň okuw we terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary.