Welosipedli külterlenen menziller

2 Sentýabr 2022
466

Watanymyzda welosipediň ynsan saglygyna, ekologiýanyň abadançylygyna ýetirýän täsirine uly ähmiýet berilmegi bilen, ulagyň şu görnüşiniň jemgyýetimizdäki orny günsaýyn pugtalanýar. Welosipedli gezelenç etmegi gündelik hemrasyna öwren ýaşlaryň sany barha artýar. Welosport ýaryşlary bolsa sportuň şu görnüşini hünär hökmünde saýlan ýaşlaryň kämilliginiň binýadyny goýýar. Şeýle ýaryşlaryň biri-de ýakynda tamamlanan welosportuň şosse görnüşi boýunça Türkmenistanyň çempionatydyr.

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň ýurdumyzyň Welosport federasiýasy bilen bilelikde geçiren ýaryşy bölekleýin start bäsleşigi bilen başlandy. Gyzlar bu görnüşden 15 kilometre ýaryşsalar, erkekler 25 kilometrlik menzile bäsleşdiler. Gyzlaryň arasyndaky ýekelikdäki ýaryşda Zöhre Gurbanmyradowa ýeňiş gazandy. Jennet Gylyçdurdyýewa pellehanadan ikinji bolup geçdi. Üçünji orny Sewinç Gutlymyradowa gazandy. Erkekleriň ýekelikdäki ýaryşy hem diýseň dartgynly geçdi. Onda Türkmenistanyň Welosport federasiýasynyň agzasy Mahmyt Aşyrow birinji orna mynasyp boldy. Gadam Köşiliýew ikinji, Ihlasbek Abdylbekow üçünji orunlary eýelediler.

«Türkmen sporty».