Aş­ga­bat­da uly hok­keý baý­ra­my

12 Aprel 2024
148

2024-nji ýy­lyň 15 — 20-nji ap­re­lin­de Aş­ga­bat­da hok­keý bo­ýun­ça hal­ka­ra ýa­ryş ge­çi­ri­ler. Ýa­ry­şa 10 döw­let­den to­parlar gat­na­şarlar. Olar ýur­du­my­zyň «Gal­kan», Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň «Fe­niks», Oman Sol­tan­ly­gy­nyň «Oman Khan­jars», Bah­reýn Pa­ty­şa­ly­gy­nyň «Bah­reýn», Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň «Ak­mo­la», Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­sy­nyň «Gü­müş Pa­ten­ler», Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň «Dor­doý», Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Ta­ta­rys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň «Or­his-Ka­zan», Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň «Ice Box» we Be­la­rus Res­pub­li­ka­sy­nyň «Wo­lat» hok­keý to­par­la­ry­dyr.

Gyş­ky oýun­lar sport top­lu­myn­da ge­çi­ril­jek du­şuşk­lar sport jan­kö­ýer­le­ri­ne eg­sil­mez şat­lyk paý­lar. Top­lu­myň uly buzly meý­dan­ça­syn­da «A», ki­çi buzly meý­dan­ça­syn­da bol­sa «B» to­par­ça­nyň du­şu­şyk­la­ry­ny ge­çir­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär. «Gal­kan», «Fe­niks», «Oman Khan­jars», «Bah­reýn» we «Ice Box» to­par­la­ry «A», «Ak­mo­la», «Gü­müş Pa­ten­ler», «Dor­doý», «Or­his-Ka­zan» we «Wo­lat» to­par­la­ry bol­sa «B» to­par­ça­ny eme­le ge­ti­rer.

«Türk­men spor­ty».