Dünýä kubogyndaky üstünlik

12 Aprel 2024
179

11-nji aprelde Tailand Patyşalygynyň Phuket şäherinde tamamlanan agyr atletika boýunça Dünýä kubogy ugrundaky ýaryşda türkmen türgenleri şowly çykyş etdiler. Ýaryşa 110 döwletden 459 türgen gatnaşdy.

Ildeşlerimiziň bu ýaryşdaky ilkinji medalyny Türkmenistanyň agyr atletika boýunça ýygyndy toparynyň türgeni, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby bölüminiň esgeri Maksat Meredow gazandy. 81 kg agram derejesinde çykyş eden Maksat kümüş medallaryň üçüsini eýelemegi başardy. Ol silterläp galdyrmakda 146 kg, itekläp götermekde 182 kg, umumylykda bolsa 328 kg agyrlyklary galdyrmagyň hötdesinden geldi.

Allanur NURMÄMMEDOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby.