Çekeleşikli tutluşyklar

12 Aprel 2024
93

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna bagyşlanyp 2011-2012, 2013-2014, 2015 – 2017-nji ýyllarda doglan ýetginjek oglanlaryň arasynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň sport mekdebiniň dzýudo boýunça açyk birinjiligi geçirildi.

Şeýlelikde, 2011-2012-nji ýyllarda doglan türgenleriň arasynda Amansähet Döwletsähedow, Perhat Nurgeldiýew, Mergen Nazarow, Daňatar Daňatarow, Ysmail Penaýew, Muhammet Töräýew, Jeýhun Kullaýew, Annaguly Çaryýew, Mälik Berdiýew, Yslammuhammet Annadurdyýew dagy tapawutlandy.

«Türkmen sporty».