Bular basketbol barada

8 Dekabr 2023
238

Biziň eýýamymyzdan öňki VII asyrda basketbola meňzeş oýnuň bolandygy Günorta we Merkezi Amerikanyň gadymy şäherlerinde geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde mälim boldy. Bu bolsa sportuň iň meşhur görnüşleriniň hatarynda mynasyp orun eýeleýän basketbolyň gözbaşynyň örän ir zamanlardan alyp gaýdýandygyny görkezýär.

ABŞ-daky Springfild kollejiniň bedenterbiýe mugallymy Jeýms Neýsmitiň häzirki döwrebap basketbolyň esaslandyryjysydygyny, belki, ozalam eşidensiňiz. Öz okadýan talyplarynyň şol bir gimnastiki hereketleri ýerine ýetirmekleriniň tarapdary bolmadyk bu mugallym 1891-nji ýylda birnäçe adam gatnaşmagyny talap edýän täze oýnuň düzgünlerini işläp düzýär. Ol ilkinji basketbol duşuşygyny öz zähmet çekýän kollejiniň sport meýdanynda guraýar. Bu gyzykly oýun gysga wagtyň içinde sporta sarpa goýýanlaryň uly söýgüsine eýe bolýar.

Taýýarlan Güljemal SARYÝEWA,
TDB we SI-niň talyby.