Dünýä çempionatynyň jemlerine bagyşlanan mediaforum

1 Dekabr 2023
181

29-njy noýabrda Aşgabatdaky «Sport» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatynyň jemlerine bagyşlanan mediaforum geçirildi. Çärä Halkara kuraş assosiasiýasynyň (IKA), göreşiň bu görnüşi boýunça Afrika bileleşiginiň (AKU) we Ýewropa konfederasiýasynyň (EKC), Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Milli Olimpiýa komitetiniň, Kuraş federasiýasynyň, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Mediaforumda çykyş eden Halkara kuraş assosiasiýasynyň prezidenti Haýder Farman ýygnananlary dünýä çempionatynyň üstünlikli tamamlanmagy bilen gutlady. Bellenilişi ýaly, çempionatda 4 yklymyň 45 ýurdundan 181 türgen 15 medal toplumy ugrunda bäsleşdi. IKA-nyň kongresine bolsa Aziýadan, Afrikadan, Ýewropadan, şeýle hem Günorta we Demirgazyk Amerikadan 53 ýurduň wekiliýetleri gatnaşdylar.

Bibi GAÝLYÝEWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň uly mugallymy.