Kikboksçylarymyzyň Daşkentdäki üstünligi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramyna ajaýyp sowgat boldy

22 Sentýabr 2023
194

Daşkentde geçen kikboksing boýunça Özbegistanyň üçünji açyk çempionatynda türkmen ýygyndysynyň ajaýyp netijesi bellige alyndy.

32 kilogram agram derejesinde çykyş eden ildeşimiz Jasurbek Ahmedow ýaryşyň altyn medallarynyň ikisine («point fighting» we «kick light» görnüşleri) mynasyp boldy. Mundan başga-da, Nepes Bäşimow (48 kg çenli agramda), Şahruh Şeraliýew (51 kg çenli), Salamathan Baltaýew (69 kg çenli), Serdar Berdimyradow (86 kg çenli) dagy («low kick» görnüşinden) açyk çempionatyň ýeňijisi boldy.

«Türkmen sporty».